7-nji iýulda Gresiýada geçirilen ählumumy Parlament saýlawlarynda Kiriakos Misotakisiň ýolbaşçylygyndaky konserwatiw “Täze demokratiýa” partiýasy sesleriň 39,8%-i bilen ynamly ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, “Täze demokratiýa” partiýasy parlamentdäki orunlaryň köpüsine eýe bolup, hökümet düzmäge mümkinçilik aldy.
Misotakis özüne bildirilen ynam üçin saýlawçylara hoşallyk bildirip, salgytlary azaltmak, täze iş ýerlerini döretmek, maýa goýumlaryny çekmek ýaly saýlawdan öňki beren wadalaryny berjaý etmäge taýýardygyny mälim etdi.
– Men gresiýalylaryň Premýer-ministri hökmünde ähli goldaw berenleriň ynamyny ödemek üçin erjellik bilen işlärin. Biziň ählimiziň bilelikde berjaý etmeli işlerimiz heniz öňde – diýip, “Täze demokratiýa” partiýasynyň Lideri ähli watandaşlaryny Gresiýany täzeden ösdürmek üçin tagallalary birikdirmäge çagyrdy.
Täze grek Parlamentine jemi 6 partiýa girdi. Dolandyryjy çepçi bileleşik SIRIZA sesleriň 31,6%-ine eýe bolup, öňe saýlanyp bilmedi. Üçünji orna sosialistler (8,3%), dördünji orna kommunistler (5,3%), bäşinji orna ultrasagçy “Grek karary” (3,8%), altynjy orna “Mera – 25” (3,4%) düşdi. Beýleki bir ultrasagçy partiýa “Altyn şapak” bolsa, parlamente girip bilmedi. Maglumatlara görä, bir palataly grek Parlamentindäki 300 orun şeýle tertipde paýlaşyldy: 158 orun “Täze demokratiýa”, 86 orun SIRIZA, 22 orun sosialistlere, 16 orun kommunistlere, 10 orun ultrasagçylara, 9 orun bolsa, “Mera 25”-iň paýyna düşdi.
Işinden çekilýän Premýer-ministr Aleksis Sipras öz bäsdeşini gazanan ýeňşi bilen gutlady. Mundan ozal, Aleksis Sipras Ýewropa parlamentiniň saýlawlarynda we ýerli saýlawlarda sesleriň ýeterlik derejesini alyp bilmänden soňra, nobatdan daşary saýlawlaryň geçiriljekdigini mälim edipdi.
8-nji iýulda Gresiýanyň täze Premýer-ministri Kiriakos Misotakis Afinyda kasam kabul etdi. Dabara Prezident köşgünde guraldy. Ol kasam kabul edişlik dabarasyndan soňra, täze hökümetiň agzalaryny mälim etdi.