Pe­ru­nyň paý­tag­ty Li­ma­da Ýu­waş um­man bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ry­nyň Li­der­le­ri­niň 14-nji sam­mi­ti ge­çi­ri­lip, onuň ahy­ryn­da Li­ma jar­na­ma­sy kabul edildi. Res­mi­na­ma­da se­bit­le­ýin yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy öňe iler­let­mek we kö­p u­gur­ly söw­da ul­ga­my­ny has-da ber­kit­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Jar­na­ma­da Ýu­waş um­man bi­le­le­şi­gi­niň mun­dan beý­läk hem ag­za döw­let­le­riň ara­syn­da­ky söw­da­nyň ge­ri­mi­ni art­dyr­ma­ga, er­kin söw­da­ny do­wam et­dir­mä­ge, yk­dy­sa­dy ösü­şe, se­bi­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi bel­le­nil­ýär.
Ýu­waş um­man bi­le­le­şi­gi La­tyn Ame­ri­ka­sy­nyň söw­da hyz­mat­daş­ly­gyn­da esa­sy gi­ňiş­li­giň bi­ri hök­mün­de, Azi­ýa-Ýu­waş um­man yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­ha­niz­mi­ni iş­läp dü­zer hem-de beý­le­ki se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len söw­da ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­ki­der. Res­mi­na­ma Pe­ru­nyň Pre­zi­den­ti Mar­tin Wis­kar­ra, Çi­li­niň Pre­zi­den­ti Se­bast­ýan Pi­ne­ra, Ko­lum­bi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Iwan Du­ke we Mek­si­ka­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Mar­se­lo Eb­rard gol çek­di­ler.
Kö­pu­gur­ly söw­da ul­ga­my­nyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da­ky beý­le­ki bir be­ýa­nat­da Ýu­waş um­man bi­le­le­şi­gi­niň Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­nyň hal­ka­ra söw­da ul­ga­myn­da­ky or­nu­na aý­ra­tyn ba­ha ber­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Ek­wa­do­ryň Pre­zi­den­ti Le­nin Mo­re­no hem bu sam­mi­te gat­naş­dy. Sam­mi­te gat­na­şy­jy­lar Ek­wa­do­ryň Ýu­waş um­man bi­le­le­şi­gi­ne go­şul­ma­gy­ny gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar. Sam­mi­tiň ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ek­wa­dor bi­le­le­şi­ge go­şul­ma­ga da­laş­gär hök­mün­de res­mi taý­dan bel­li­ge alyn­dy.