Moskwadaky “Mosk­wa si­ti” işewürlik toplumynyň çäk­le­rin­de Ýew­ro­pa­da iň be­ýik ýaşaýyş bi­nasy gur­lar. Gök­di­rä­niň tas­la­ma­sy­ny Mosk­wa­da ge­çi­ri­len şä­her gur­lu­şy­gy­na ba­gyş­la­nan fo­rum­da hö­dür­le­di­ler. – Bu örän çyl­şy­rym­ly tas­la­ma, ýö­ne onuň ýo­ka­ry hil­li gur­lup, wag­tyn­da ulan­ma­ga be­ril­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn – di­ýip, gur­lu­şyk iş­le­ri bo­ýun­ça Mosk­wa­nyň me­ri­niň orun­ba­sa­ry Ma­rat Hus­nul­lin aýt­dy. Ol bu bi­na­nyň “One To­wer” diý­lip at­lan­dy­ry­lyp, onuň Ýew­ro­pa­da iň be­ýik bi­na bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di.
Tas­la­ma­da ýe­ras­ty aw­to­du­ral­ga göz öňün­de tu­tu­lyp, bi­na­nyň ka­şaň­ly­gy köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çe­kjek­di­gi aý­dyl­ýar. Onuň be­lent­li­gi 405 met­re deň bo­lar. Bi­na­da 101 ýe­rüs­ti, 3 sa­ny hem ýe­ras­ty gat göz öňün­de tu­tu­lan. Tä­ze gök­di­rän “Mercury City Tower” we “Grand Tower” bi­na­la­ry­nyň de­ňin­de gur­lar. Onuň gur­lu­şy­gy 5 ýyl do­wam eder. Onuň 100 metr be­lent­li­gin­de gar­ba­nyş­ha­na­lar, ça­ga­lar dynç alyş mer­kez­le­ri, ho­wuz­ly fit­nes mer­ke­zi, çür de­pe­sin­de bol­sa, syn­la­ýyş meý­dan­ça­sy bo­lar. Ol gat­la­ra aý­ra­tyn lift gi­der. Ge­l­jek­ki gök­di­rän “Mosk­wa si­ti­niň” çäk­le­rin­dä­ki “Federation Tower” di­ňin­den 33 metr be­lent bo­lar. On­da je­mi 1,5 müň öý bo­lup, ol “Mosk­wa si­ti­de” il­kin­ji ýa­şa­ýyş gök­di­rä­ni bo­lar. Bu tas­la­ma­nyň ba­ha­sy­nyň 30 mil­liard rubl tö­we­re­gi­di­gi aý­dyl­ýar.
“Mo­sinžp­ro­ýekt” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş di­rek­to­ry Mars Ga­zi­zul­li­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu bi­na­nyň gur­lu­şy­gyn­da bi­na­nyň özü­ne ber­ki­di­lip, işiň gi­di­şi­ne gö­rä ze­rur be­lent­li­ge gal­dy­ryl­ýan kran­lar ula­ny­lar. – Gur­lu­şy­k iş­le­ri 0,8 gek­tar meý­da­ny eýe­läp, on­da azyn­dan 2 müň adam iş­lär – di­ýip, Ga­zi­zul­lin aýt­dy.