ÝUNESKO bäş sany täze desgany, şol sanda Yrakdaky gadymy Wawilon şäheriniň galyndylaryny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizdi. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň komitetiniň maslahatynda şeýle karar kabul edildi. Yrak geçen 40 ýylyň dowamynda Wawilony bu sanawa goşmak üçin köp tagalla etdi.
“Wawilonyň galyndylary bu şalygyň döredijilik ukybynyň näderejede ýokary bolandygyna şaýatlyk edýär” diýlip, guramanyň saýtyndaky beýanatda habar berilýär. ÝUNESKO-nyň wekilleriniň belläp geçmeklerine görä, Wawilondaky dünýäniň ýedi täsinliginiň biri hasaplanýan desga “Semiramidanyň asma baglary” dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly täsirini ýetiripdir. Wawilonyň 10 inedördül kilometrden ybarat harabalyklary Bagdatdan 90 kilometr günortada ýerleşip, häzirki wagtda onuň diňe 15 göteriminde gazuw-agtaryş işleri geçirildi.
Şeýle hem, Fransiýanyň günorta we antarktik çäkleri, Islandiýadaky “Watnajökull” milli parky, brazil adasy Ilýa Grandy we Burkino-Fasonyň demir erediji peçleri Bütindünýä mirasynyň sanawyna giriziler. Maslahatda ýene-de 35 desganyň sanawa girizip boljakdygy ara alnyp maslahatlaşylýar.
“Semiramidanyň asma baglary” ady bilen tanalýan ägirt uly köşk miladydan öň VI asyrda patyşa Nawuhodonosor II-niň permany bilen Wawilonda gurlupdyr. Taryhçylar bu binany Wawilon patyşasynyň aýaly Amitisiň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Nawuhodonosor ony Midiýanyň gök öwsüp oturan baýyrlyklaryny ýatlap, hasrat çeken söýgüli aýaly, Midiýa patyşasynyň gyzy Amitisiň ýüregi gysmazlygy üçin gurdurypdyr diýen rowaýat biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ýöne köşgüň ady ýalňyşlyk bilen ondan iki asyr öň ýaşap geçen Assiriýanyň şa aýaly Semiramida bilen baglanyşdyrylypdyr. Patyşa Wawilonda köp desgalar gurup, paýtagty alyp bolmaýan mäkäm gala öwrüpdir.
Bu binanyň aşaky gatynyň otaglarynda miladydan öň, 323-nji ýylyň iýunynda Aleksandr Makedonskiý ömrüniň iň soňky günlerini geçiripdir. Wagtyň geçmegi bilen “Semiramidanyň asma baglaryny” Ýewfratyň suw joşgunlary ýumrupdyr. Gadymy Wawilon ýaşamagyny bes etse-de, şäheriň gaýtalanmajak binalary hakdaky rowaýatlar şu günlere çenli gelip ýetipdir.