Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na­nyň ila­ty­nyň sa­ny 1 mil­lio­na ýet­di. Bu ba­ra­da Ga­za­gys­ta­nyň met­bu­ga­ty ha­bar ber­ýär.
– As­ta­na şä­he­ri­mi­ziň ila­ty­nyň 1 mil­lio­na ýe­ten­di­gi­ni uly buý­sanç bi­len yg­lan et­mek is­le­ýä­rin. Şä­he­riň ýa­şaý­jy­sy Mu­ha­med­ýa­row­la­ryň maş­ga­la­syn­da şä­he­ri­mi­ziň 1 mil­lio­nyn­jy ra­ýa­ty dün­ýä in­di. In­di As­ta­na 1 mil­li­on ila­ty bo­lan şä­her. Hem­mä­ňi­zi gut­la­ýa­ryn! – di­ýip, ýur­duň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew har­by ta­lyp­la­ra ofi­ser de­re­je­si­ni ber­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ge­çi­ri­len da­ba­rada eden çy­ky­şyn­da bel­läp geç­di.
As­ta­na şä­he­ri­niň hä­ki­mi Aset Ise­ke­şew şä­he­riň 1 mil­lio­nyn­jy ça­ga­sy­nyň dün­ýä inen has­sa­ha­na­sy­na ba­ryp, Mu­ham­ed­ýa­row­la­ryň maş­ga­la­sy­na ýa­şa­ýyş ­jaýy­nyň aça­ry­ny gow­şur­dy. As­ta­na Al­ma­ty şä­he­rin­den soň­ra 1 mil­li­on ila­ty bo­lan ikin­ji uly şä­her bol­dy.
1994-nji ýy­lyň 6-njy iýu­lyn­da Ga­za­gys­ta­nyň Ýo­ka­ry ge­ňe­şi ýur­duň paý­tag­ty de­re­je­si­ni Al­ma­ty şä­he­rin­den Ak­mo­la şä­he­ri­ne ber­mek ba­ra­da ka­rar ka­bul et­di. 1997-nji ýyl­da Ak­mo­la ýur­duň res­mi taý­dan paý­tag­ty yg­lan edil­di. Bir ýyl­dan soň­ra Ak­mo­la­nyň ady As­ta­na diý­lip üýt­ge­dil­di. 1999-njy ýyl­da As­ta­na şä­he­ri ÝU­NES­KO-nyň ka­ra­ry esa­syn­da “Pa­ra­hat­çy­lyk şä­he­ri” di­ýen de­re­jä eýe bol­dy. 2000-nji ýyl­da Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty dün­ýä­niň paý­tagt we iri şä­her­le­ri­niň hal­ka­ra as­samb­le­ýa­sy­nyň ag­za­ly­gy­na saý­lan­dy.