Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň köp asyr­lyk me­de­ni mi­ra­sy­ny hem-de ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni öw­ren­mek ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Go­laý­da Ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri go­ra­mak, öw­ren­mek hem-de re­je­le­mek ba­ra­da­ky mil­li mü­dir­li­gi­niň, şeý­le hem “Abi­werd” ta­ry­hy-me­de­ni döw­let go­rag­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri tarapyndan Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­by­nyň çä­gin­dä­ki Mä­ne ba­ba­nyň küm­me­tin­de ar­heo­lo­gi­ýa – aras­sa­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ril­ýän ma­ha­lyn­da XIII asy­ra de­giş­li me­de­ni gat­lak­dan bir go­şa­wuç teň­ňe ta­pyl­dy. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da çyg top­ra­gyň as­tyn­da ýa­tandy­gy se­bäp­li teň­ňe­ler pos­lap, biri-bi­ri­ne ýel­me­şip gi­dip­dir, şo­ňa gö­rä-de ola­ryň ýü­zün­dä­ki ýaz­gy­la­ry oka­mak müm­kin däl­.
Bu kü­müş dir­hem­ler ýö­ri­te bar­lag­ha­na şert­le­rin­de hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan aras­sa­la­ny­lan­dan soň, ola­ryň dür­li gör­nüş­de zik­ge­le­nen­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ta­py­lan kü­müş dir­hem­le­riň je­mi sa­ny 91 bo­lup, ola­ryň 47 sa­ny­sy­nyň ýü­zün­de 1265-1282-nji ýyl­lar­da Il­ha­ny­lar döw­le­ti­ni do­lan­dy­ran Aba­ga ha­nyň ady, ýe­ne-de 36 sa­ny­sy­nyň ýü­zün­de Ar­gu­nyň ady ýa­zy­lyp­dyr. Bu at bi­len şol dö­wür­ler­de se­bi­tiň ta­ry­hyn­da yz gal­dy­ran iki sa­ny bel­li şah­sy­ýet bo­lan. Bi­ri 1284-1291-nji ýyl­lar­da Il­ha­ny­lar döw­le­ti­niň hö­küm­da­ry Ar­gun han we beý­le­ki­si mer­ke­zi şä­he­ri Merw bo­lan, Ho­ra­sa­ny do­lan­dy­ran türk­men Ar­gun şa­dyr. Ar­gu­nyň ady ýa­zy­lan iki teň­ňe tä­sin­li­gi bi­len nu­miz­mat­la­ryň ün­sü­ni has hem özü­ne çek­di. Ola­ryň bi­ri­niň ar­ka ta­ra­pyn­da ýol­bar­syň, beý­le­ki­sin­de bol­sa ökü­ze meň­zeş jan­da­ryň şe­ki­li bar. Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, şu­la­ra ky­bap­daş şe­kil­ler şol dö­wür­de Ho­ra­sa­nyň meş­hur şä­her­le­ri­niň zik­ge­ha­na­la­ryn­da zik­ge­le­nen teň­ňe­le­re mah­sus­dyr. Yl­my-bar­lag­çy­la­ryň kä­bir­le­ri­niň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, teň­ňe­ler­de gün­do­gar mü­çe se­ne­na­ma­sy bo­ýun­ça ola­ryň haý­sy ýyl­da zik­ge­le­nen­di­gi­ni aň­lad­ýan haý­wan şe­kil­len­di­ri­lip­dir.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Mä­ne şä­he­ri­ne şöh­rat ge­ti­ren zat ba­zar­lar bi­len ker­wen­sa­raý däl-de “Halk ara­syn­da Mä­ne ba­ba ady bi­len ta­nal­ýan so­py­çy­lyk aky­my­nyň meş­hur şy­hy Abu Se­ýit Abul Haý­ryň küm­me­ti bu şä­he­ri bü­tin mu­sul­man dün­ýä­sin­de şöh­rat­lan­dy­ran iň esa­sy ýa­dy­gär­lik bo­lup dur­ýar”. Bu şah­sy­ýet we ol ba­ra­da­ky ro­wa­ýat­lar ha­kyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly bi­rin­ji ki­ta­byn­da ýaz­ýar, ikin­ji ki­ta­byn­da bol­sa tu­tuş bir bö­lü­mi “Ke­ra­mat­ly Mä­ne ba­ba­nyň me­ka­ny” ady bi­len ýer­leş­dir­di. Bi­ziň gün­le­ri­miz­de Mä­ne ba­ba­nyň küm­me­ti Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­by­nyň çä­gin­de, ga­dy­my Mä­ne şä­he­ri­niň ar­heo­lo­gi­ýa ga­lyn­dy­la­ry­nyň çe­tin­de ýer­leş­ýär.
Türk­men-sel­juk döw­le­ti­niň il­kin­ji sol­tan­la­ry­na ak pa­ta be­ren be­ýik pir Mä­ne ba­ba­nyň küm­me­ti el­my­da­ma halk we hö­küm­dar­lar ta­ra­pyn­dan ala­da bi­len gur­şa­lyp­dyr. Ta­ryh­çy­la­ryň ýaz­gy­la­ryn­da bu mu­kad­des küm­me­te Sol­tan San­ja­ryň aý­ra­tyn hor­mat go­ýan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat­lar be­ril­ýär.