Af­ri­ka ýurt­la­ry gö­ni da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek­de uly üs­tün­lik ga­zan­dy. 2018-nji ýyl­da bu yk­ly­ma 46 mil­liard dol­la­ra çen­li ma­ýa goý­lup, bu gör­ke­zi­ji 2017-nji ýy­la ga­ra­nyň­da, 11 gö­te­rim köp­dür. Bu ba­ra­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky söw­da we ösüş eda­ra­sy­nyň 2019-njy ýyl üçin dün­ýä­niň ma­ýa go­ýum­la­ry ba­ra­da­ky ha­sa­ba­tyn­da mä­lim edil­ýär.
Bu­lar­dan baş­ga-da, ha­sa­bat­da Mü­sü­riň soň­ky al­ty ýy­lyň için­de gö­ni da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek­de, Af­ri­ka yk­ly­my­ndaky ýurtlaryň ara­syn­da öň­de­li­gi eýe­le­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. 2013-nji ýyl­dan 2018-nji ýy­la çen­li ara­lyk­da Mü­sü­riň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne goý­lan gö­ni ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň muk­da­ry 38,098 mil­liard dol­lar­ bo­lup­dyr.
Ha­sa­bat­la­ra gö­rä, Mü­sür 2013-nji ýyl­da 4,256 mil­liard dol­lar, 2014-nji ýyl­da 4,612 mil­liard dol­lar, 2015-nji ýyl­da 6,925 mil­liard dol­lar, 2016-njy ýyl­da 8,107 mil­liard dol­lar, 2017-nji ýyl­da 7,409 mil­liard dol­lar, ge­çen ýyl bol­sa, 6,789 mil­liard dol­lar gö­ni ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çe­kip­dir. Mü­sü­re ma­ýa go­ýum aky­my­nyň art­ma­gy ýurt­da oňaý­ly ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­niň, şeý­le hem, hö­kü­met ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan üs­tün­lik­li yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň gös-gö­ni ne­ti­je­si bo­lup dur­ýar diý­lip ha­sa­bat­da bel­le­nil­ýär.