Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy bo­lan ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň ut­gaş­dy­ry­jy ko­mi­te­ti­niň 43-nji mas­la­ha­tyn­da 45 ka­rar ka­bul edi­lip, bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na 29 des­ga gi­ri­zil­di. Esa­san hem, Hy­ta­ýyň ga­dy­my şä­he­ri Lýanç­žu­nyň ga­lyn­dy­la­ry me­de­ni des­ga hök­mün­de bu sa­na­wa gi­ri­zil­di. Hy­taý­da şeý­le sa­na­wa goşulan des­ga­la­ry­ň sa­ny 55-e ýe­tip, bu ýurt sa­na­wa gi­ri­zi­len des­ga­la­ry­nyň sa­ny bo­ýun­ça bi­rin­ji or­ny eýe­le­ýär.
Şeý­le hem, Sa­ry deň­ziň ke­nar ýa­ka­la­ryn­da­ky uçup-go­nup ýö­ren guş­la­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­ri we Hy­taý­da­ky Bo­haý aý­la­gy bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Guş­la­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­ri bio­dür­lü­li­gi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si bi­len ta­pa­wut­la­nyp, ol ýer­ler­de ba­lyk­la­ryň 280 tö­we­re­gi, oňur­ga­syz jan­dar­la­ryň 500-den gow­rak gör­nü­şi ýa­şap, guş­la­ryň mil­li­on­lar­ça­sy üçin iý­mit bo­lup hyz­mat ed­ýär.
ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň ut­gaş­dy­ry­jy ko­mi­te­ti­niň 44-nji mas­la­ha­ty­ny 2020-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň Fusz­ýan we­la­ýa­ty­nyň Fuç­žou şä­he­rin­de ge­çir­mek ha­kyn­da ka­rar ka­bul edil­di. Şeý­le hem mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň bi­lim mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Týan Sýuesz­ýun Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň ut­gaş­dy­ry­jy ko­mi­te­ti­niň 44-nji mej­li­si­niň baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­dy.