“Türk akymy” gaz geçirijisiniň rus böleginiň 99%-iniň we Türkiýäniň gazy kabul edip alyjy terminalynyň gurluşygynyň 87,3%-iniň taýyn edilendigi barada Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin mälim etdi.
– Häzirki wagtda jemleýji işler alnyp barylýar. Onuň deňiz bölegi geçen ýylyň noýabrynda tamamlandy. Şu ýyl deňiz gaz geçirijisinde synag işleri amala aşyryldy. Häzirki wagtda turbageçirijileriň ikisi hem tebigy gazyň akdyrylyp başlanmagyna doly taýýar. Kabul ediji terminalyň gurluşygy taslamada göz öňünde tutulan tertipnama boýunça alnyp barylýar. Şeýlelikde, “Türk akymy” gaz geçirijisiniň Türkiýedäki terminal bilen birlikde şu ýylyň dekabr aýynda işe giriziljekdigini ynamly aýtsaň bolar. Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesi “Türk akymyndan” gaz almak maksady bilen gaz geçiriji ulgamyny giňeldýärler. Bu ugurda Serbiýa, Bolgariýa we Wengriýa ýaly ýurtlarda netijeli işler alnyp barylýar – diýip, Aksýutin belledi.
Kuwwatlylygy ýylda 15,75 milliard kubmetre barabar bolan “Türk akymynyň” iki şahasy Russiýanyň Krasnodar ülkesinden ugur alyp, Gara deňziň asty bilen Türkiýäniň demirgazyk-günbataryna uzaýar. Gaz geçirijiniň birinji şahasy türk bazary, ikinjisi bolsa, Günorta we Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlary üçin niýetlenendir.