Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň “Halkyň hyzmatkäri” partiýasy ýurduň Ýokary Geňeşine (parlament) geçirilen nobatdan daşary saýlawlarda býulletenleriň 100%-i sanalandan soňra sesleriň 43,16%-ine eýe boldy.
Ukrainanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, Ýuriý Boýkonyň “Durmuş üçin” (13,05%), Pýotr Poroşenkonyň “Ýewropa raýdaşlygy” (8,10%), Ýuliýa Timoşenkonyň “Batkiwşina” (8,18%) we sazanda Swýatoslaw Wakarçukyň “Ses” (5,82%) partiýalary Parlamente girýär.
Saýlawlara gatnaşyk Ukrainanyň taryhynda azlygy (49,84%) bilen tapawutlandy. Ýöne oňa derek Prezidentiň partiýasy uly üstünlik gazandy. Eýýäm “Halkyň hyzmatkäri” partiýasynyň başlygy Dmitriý Razumkowyň Ýokary Geňeşiň spikeri boljakdygy öňe sürülýär.
– Ukrainanyň taryhynda hiç bir syýasy güýç şeýle netijäni gazanyp görmändi we biz muňa buýsanýarys – diýip Dmitriý Razumkow aýtdy.
“Halkyň hyzmatkäri” partiýasy parlamentiň 247 ornuna eýe bolup, bu ýagdaý oňa bir partiýaly syýasy ulgamy döretmäge mümkinçilik berer diýip, bilermenler aýdýarlar.