Da­ni­ýa­nyň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri Ýut­lan­di­ýa ada­syn­da gur­lan “Løvtag” at­ly tä­sin myh­man­ha­na ba­ra­da ha­bar ber­di. Hä­zir­ki wagt­da onuň di­ňe bir ota­gy­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri ta­mam­la­nyp, beý­le­ki­le­ri­niň gur­lu­şy­gy­na hem ýakyn wagtda gi­ri­şi­ler. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, eý­ýäm ola­ryň 70-si öňün­den bron­la­nyp, ol ýer­de bir gi­je gal­mak üçin 2750 da­ni­ýa kro­ny­ny, ýag­ny 360 dol­lar tö­le­me­li.
Tä­ze myh­man­ha­na­nyň eýe­si Ras­mus Li­bek şeý­le gur­lu­şy­ga baş­la­ma­gy 8 ýyl mun­dan ozal ýü­re­gi­ne dü­wüp­dir. Onuň ka­ka­sy öz­le­ri­ne de­giş­li bo­lan uly bol­ma­dyk to­kaý­dan ke­si­len agaç önüm­le­rin­den on­çak­ly köp gir­de­ji alyp bol­ma­ýan­dy­gyn­dan zeý­re­nip­dir. Şon­da ol og­lu­na agaç­la­ryň üs­tün­de myh­man­ha­na gu­rup, sy­ýa­hat­çy­la­ra ki­re­ýi­ne ber­me­gi mas­la­hat be­rip­dir.
– Men bu tek­lip­den ýüz öw­rüp bil­me­dim, şo­nuň üçin hä­zir­ki gün­le­re çen­li şeý­le tas­la­ma­nyň üs­tün­de iş­le­ýä­rin – di­ýip, Li­bek aýt­dy.
Tä­ze tas­la­ma­ny dö­re­di­ji­niň söz­le­ri­ne gö­rä, agaç­la­ryň de­pe­sin­dä­ki jaý­ja­gaz oňa 1,5 mil­li­on da­ni­ýa kro­ny­na (200 müň dol­lar) dü­şüp­dir. Ota­gyň içi ka­şaň me­bel­ler, suw ge­çi­ri­ji­ler, elekt­rik to­gy, ha­jat­ha­na we wan­na bi­len üp­jün edi­len. Myh­man­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy­na we onuň di­zaý­ny­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge ber­lin­li ar­hi­tek­tor ýar­dam edip­dir.