ABŞ-nyň “Fortuna” žurnaly tarapyndan taýýarlanan “Fortune Global 500” sanawynda Hytaý ilkinji gezek kompaniýalarynyň sany boýunça ABŞ-dan öňe saýlandy. Sanawa 129 hytaý kompaniýasy we 121 amerikan firmasy girdi.
Hytaýyň iri döwlet nebit-gaz kompaniýasy “Sinopec Group”-yň geçen ýyl satuwdan gelýän sap girdejileriniň we jemi girdejileriniň artmagy netijesinde, “Fortune Global 500”-iň sanawynda ikinji orny eýeläp, bir setir ýokary galdy. “Sinopec Group” geçen ýyl satuwdan gelýän sap girdejileriniň artyşyny 26,8%, ýagny 414,65 milliard dollar diýip bellige alypdyr. Bu kompaniýa satuwdan gelýän sap girdejileri 514,41 milliard dollar bolan “Walmart”-a öz ornuny beripdir. 2018-nji ýylda “Sinopec Group”-yň jemi girdejileri 280,1%, ýagny, 5,85 milliard dollardan ybarat bolupdyr.
Hytaýyň ýene-de bir kompaniýasy “China National Petroleum” 2018-nji ýyldaky 392,98 milliard dollar girdejisi bilen dördünji orny eýeledi.
Onuň yz ýanyndan Hytaýyň döwlet elektroulgam korporasiýasy “China State Grid Corporation” özüniň 387,06 milliard dollar möçberindäki girdejisi bilen öňe saýlanýar.
“JD.com” internet kompaniýasy hem 69,85 milliard dollar girdejisi bilen 130-njy orny eýeläp, internet kompaniýalarynyň arasynda liderligini dowam etdirýär.
Girdejisi 56,15 milliard dollara ýeten “Alibaba Group Holding” kompanýasy uly ösüşleri başdan geçirip, sanawyň 182-nji setirinde orun aldy.
“Gree Electric Appliances Inc” we “Xiaomi Corp” şu ýylky sanawa ilkinji gezek girizilip, döredilenine 9 ýyl dolan “Xiaomi” sanawynyň içinde iň ýaşydyr. Üç hytaý kompaniýasy “Fortune Global 500” sanawynyň onlugyna girip, olar, esasan, tebigy baýlyklar bilen meşgullanýarlar.