Gol­li­wu­dyň 1960-njy ýyl­lar­da­ky meş­hur akt­ri­sa­sy
Eli­za­bet Teý­lo­ryň (1932- 2011) öz­bo­luş­ly
aw­tou­la­gy “Rolls-Royce” sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar.
Ru­ly çep ta­rap­da ýer­leş­ýän “Silver Clo­ud II Drop­he­ad” ky­sym­ly şeý­le aw­tou­la­gyň dün­ýä­de di­ňe 20 sa­ny­sy bar. Akt­ri­sa ula­gyň reň­ki­ni toý köý­ne­gi­niň reň­ki­ne gö­rä, sar­gyt edip, ony “Ýa­şyl pe­ri­zat” di­ýip at­lan­dy­ryp­dyr. Aw­tou­la­ga baş­lan­gyç ke­si­len ba­ha 600 müň ýew­ro deň­dir.
Şeý­le aw­tou­lag­lar bi­len dün­ýä­niň iň baý kol­lek­sio­ner­le­ri gy­zyk­lan­ýar­lar. Ulag bü­tin­leý abat sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Akt­ri­sa ara­dan çy­kan­dan soň aw­tou­lag iki ge­zek eýe­si­ni çal­şyp­dyr. Olar bu ula­gy as­la ulan­man­dyr di­ýen ýa­ly. Ula­gyň ge­çen ýo­ly 41 müň mi­le ba­ra­bar­dy­gy aý­dyl­ýar.
Bu aw­tou­la­gyň meş­hur akt­ri­sa Eli­za­bet Teý­lo­ra de­giş­li bo­lan­ly­gy üçin ba­ha­sy­nyň has-da ýo­kar­lan­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Mun­dan bir­nä­çe ýyl ozal, Lon­do­nyň “Chris­tie’s” auk­sio­nyn­da onuň şah­sy goş­la­ry sa­ty­lyp, ola­ryň her bi­ri­niň ba­ha­sy baş­lan­gyç ba­ha­dan bäş es­se gym­mat sa­tyl­dy. Ki­no ýyl­dy­zy bu aw­tou­la­gy 20 ýyl ula­nyp­dyr.
Şeý­le hem auk­si­on­da meş­hur akt­ri­sa­nyň “Fer­ra­ri” aw­tou­la­gy hem goý­lup, onuň baş­lan­gyç ba­ha­sy 450 müň ýew­ro deň­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Auk­si­on 6-njy aw­gust­da ge­çi­ril­ýär. Iň­lis-ame­ri­kan akt­ri­sa­sy Eli­za­bet Teý­lor üç ge­zek Os­kar baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­nyp­dyr.