Hy­taý­ly hü­när­men­ler kö­mür­tur­şy gaz­la­ry­ny top­lap su­wuk­lan­dyr­ýan we ola­ry ýe­riň aşa­gy­na ak­dyr­ýan teh­no­lo­gi­ýa­ny kä­mil­leş­dir­me­giň üs­tün­de iş­le­ýär­ler. Bu tas­la­ma Hy­ta­ýyň kö­mür ga­zy­lyp alyn­ýan se­bi­ti bo­lan Içer­ki Mon­go­li­ýa­da ýo­la goý­lup, “CHN Ener­gy Invest­ment Corp” şe­re­ke­ti­niň baş­lan­gy­jy­nyň bir bö­le­gi­dir. Or­dos şä­he­ri­niň ete­gin­de gur­lan des­ga her ýyl­da 100 müň ton­na çen­li ýy­la­dyş­ha­na gaz­la­ry­ny so­rup al­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir. Şeý­le­lik­de, kö­mür ula­ny­lyp, elekt­rik ener­gi­ýa­sy ön­dü­ri­len­de on­dan bö­lü­nip çyk­ýan kö­mür­tur­şy gaz­la­ry­nyň 90 gö­te­ri­mi­ni bu des­ga so­rup al­ma­ga ukyp­ly­dyr. Kö­mür ýa­ky­lan­dan soň eme­le gel­ýän kö­mür­tur­şy gaz­la­ry so­ru­lyp al­nan­dan soň su­wuk­lan­dy­ryl­ýar. Soň­ra su­wuk­lan­dy­ry­lan kö­mür­tur­şy gaz­la­ry (CO2) bu­raw gu­ýu­la­ry ar­ka­ly ýer as­ty­nyň 150-den 2500 metr ara­ly­gyn­da­ky gat­lak­la­ry­na ak­dy­ryl­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da “CHN Ener­gy Invest­ment Corp” şe­re­ke­ti Şan­dun we­la­ýa­tyn­da­ky dö­kün ön­dür­ýän kär­ha­na­da hem kö­mür­tur­şy gaz­la­ry­ny so­rup, su­wuk­lan­dy­ryp, ýe­ras­ty­ gat­lak­la­ra ak­dyr­ýan goş­ma­ça kär­ha­na­ny gur­ýar. Bu kär­ha­na ulan­ma­ga ber­len­den soň­ra, ýyl­da 400 müň ton­na kö­mür­tur­şy gaz­y­ny so­rup alyp, ýe­ras­ty gat­lak­la­ra ug­rat­ma­ga ukyp­ly bo­lar.
Hä­zir­ki wagt­da Hy­taý­da ýe­ne-de 8 sa­ny şu­nuň ýa­ly kö­mür­tur­şy gaz­la­ry­ny so­rup al­ýan des­ga­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Hy­ta­ýyň hö­kü­me­ti daş­ky gur­şa­wyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len bir­nä­çe çä­re­le­ri ama­la aşyr­ýar. Ýurt köm­rüň ula­ny­ly­şyn­dan has aras­sa ýan­gy­ja geç­mek üçin ta­gal­la ed­ýär.