Kämilligiň sakasynda irginsiz zähmet, ägirt hyjuw we tutanýerlilik ýatyr. Türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim ulgamynda görkezýän halkara netijeleri bolsa okgunly gadamlar esasynda üstünlige badalga berýär.
Iýul aýynyň 21-30-y aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde “ICHO 2019” atly 51-nji halkara himiýa olimpiadasy geçirildi. Bu halkara ýaryşa ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary gatnaşdy.
Halkara himiýa olimpiýadasy 1968-nji ýylda ozalky Çehoslowakiýada esaslandyrylyp, ilkinji gezek Pragada geçirildi. Bu olimpiada dünýäniň çar künjündäki himiýa dersi boýunça ýiti zehinli mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ýyllyk bäsleşikdir. Oňa dünýäniň 80 döwletinden, hususan-da, Argentinadan, Braziliýadan, Kanadadan, Hytaýdan, Germaniýadan, Gresiýadan, Latwiýadan, Täze Zelandiýadan, Türkiýe Respublikasyndan, Türkmenistandan jemi 309 okuwçy gatnaşdy. Her topar 4 sany okuwçyny öz içinde jemläp, aýry günlerde himiýa ylmy boýunça çuňlaşdyrylan ýumuşlardan düzülen her biri 5 sagatlyk nazary we amaly laboratoriýa synaglary alynýar. Topara jogapkär mugallym bilen bir hatarda alym gözegçiler hem berkidilýär.
Türkmen toparyna aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň tejribeli himiýa mugallymy Nazar Mämmedowyň ýolbaşçylyk etmeginde olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda şol mekdebiň 9-njy synp okuwçylary Berdigylyç Rejepbaýew, Ýusup Döwletmyradow bürünç medala, 11-nji synp okuwçysy Atabaý Allamyradow höweslendiriji baýraga, şeýle-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Pälwan Jumaýew bürünç medala mynasyp boldular.
Olimpiadanyň çäklerinde ýerli guramanyň meýilnamasy esasynda okuwçylar Parižiň gözel ýerlerine syýahat etmäge mümkinçilik gazandylar. Olar meşhur Luwr muzeýine, Týuilri bagyna, Wersal köşgüne we Fransiýanyň ylymlar akademiýasyna aýlanyp gördüler.
Bäsleşigiň medeniýet güni aýratyn şatlyk-şowhuna beslenip, her ýurduň milliligi bilen tanyşmaga pursat döredi.
Indiki ýyl bu Halkara himiýa olimpiadasyny Türkiýe Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Ata Watanymyzyň nurana nesliniň ýeňiş gazanyp, bilimde ýurduň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyny arzuw edýäris!
Aýjemal GURBANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.