Beýik Britaniýanyň Nýukasl uniwersitetiniň alymlary pomidoryň ýiti Günüň ultramelewşe şöhlelerinden derini goramaga ukyplydygyny aýdýarlar. Hytaý alymlary bolsa, pomidory halaýanlaryň göwnüçökgünlige düşmeýändigini anykladylar. Pomidor likopiniň (onuň reňkini ýüze çykarýan karotinoid pigmenti) çeşmesi bolup, düwnügiň we infarktyň öňüni alýar. Alymlaryň pikirine görä, pomidordan yzygiderli peýdalanmak deriniň juwanlaşmagyna sebäp bolýar. Şeýle hem pomidor göwnüçökgünlik ýaly ruhy ýagdaýlaryň öňüni almakda oňat önüm bolup hyzmat edýär. Lukmanlar adamyň iýmit sanawynda pomidor bolsa, onuň peşew mäzlerinde düwnügiň ýüze çykma howpuny aradan aýyrmaga ukyplydygyny
aýdýarlar.