Gün şöh­lesi­niň peý­da­ly ta­rap­la­ryny köp­leriň bil­me­ýän bolmagy-da ahmal. Bu yl­my taý­dan hem do­ly su­but edi­len. Ol be­de­niň go­rag ul­ga­my­nyň öý­jük­le­ri­ni iş­jeň­leş­di­rip, de­ri­dä­ki zy­ýan­ly bak­te­ri­ýa­la­ry we öý­jük­le­ri ýok ed­ýär. Şeý­le hem gan­da myş­sa­la­ra kuw­wat ber­ýän mad­da­nyň eme­le gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Ne­ti­je­de, Gü­nüň tä­si­ri bi­len kuw­wat­la­nan myş­sa­lar be­de­ni­mi­ziň iş­jeň­li­gini art­dyr­ýar. Şeý­le-de, nerw ul­ga­myny ber­ki­dip, özü­ňi oňat duý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Gü­nüň tä­si­ri bi­len yn­san be­de­nin­de “Gü­neş wi­ta­mi­ni” ha­sap­lan­ýan D wi­ta­mi­ni eme­le ge­lip, onuň bo­ýuň ös­me­gin­de we be­de­niň go­rag ul­ga­my­ny ber­kit­mek­de ähmiýeti uludyr. Bel­li bir wagt ara­ly­gyn­da ýi­ti bol­ma­dyk Gü­ne­şiň as­tyn­da ge­zim et­me­giň peý­da­ly ta­rap­la­ry kän­dir. Ýö­ne uzak wagt­lap, jöw­za­ly Gü­nüň as­tyn­da ge­zim et­mek, hiç bir jäht­den ma­kul­lan­ylma­ýar. Se­bä­bi, Gün şöh­le­le­ri gan ba­sy­şy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Ýü­regagyrylylara we öý­ken ke­sel­lilere uzak wagt­lap Gü­nüň as­tyn­da gal­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Umu­man, ýi­ti bol­ma­dyk Gün şöh­le­le­ri ýe­ter­lik ka­bul edi­len­de sag­ly­gy go­ra­mak­da, özü­ňi duý­şu­ňy go­wu­lan­dyr­mak­da we be­de­niň go­rag ul­ga­my­ny ber­kit­mek­de örän peý­da­ly­dyr.