Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň hökümetleri Halkara Pul gaznasynyň täze başlygynyň wezipesine ýewropaly ýeke-täk dalaşgärini saýlamagyň üstünde işleýär. Häzirki wagtda Bütindünýä bankynyň baş ýerine ýetiriji direktory, bolgariýaly zenan Kristalina Georgiýewanyň, Ýewrotoparyň ozalky başlygy we Niderlandlaryň ozalky maliýe ministri Ýerun Deýsselblumyň, Ispaniýanyň ykdysadyýet we biznes ministri Nadýa Kalwinonyň, Ýewrotoparyň portugaliýaly häzirki başlygy Mario Sentenonyň we Finlýandiýanyň Merkezi bankynyň başlygy Olli Reniň dalaşgärligi gözden geçirilýär.
Golaýda Halkara Pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşi hem Kristin Lagardyň ornuna gaznanyň täze başlygyny saýlamagyň ugruna çykandygy barada habar berdi. Halkara Pul gaznasynyň dolandyryjy direktory Kristin Lagardyň dalaşgärligi Ýewropanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy wezipesine hödürlenenden soň, işinden çekilýändigini mälim edipdi.
Ozal habar berlişi ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň 2-nji iýulda geçiren maslahatynda Lagardyň Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine dalaşgärligi tassyklandy. Şonda Lagard HPG-niň dolandyryjy direktory wezipesini ýerine ýetirmegi wagtlaýyn bes edýändigini mälim edipdi. 16-njy iýulda bolsa, wezipesinden çekilýändigini mälim edipdi. Bu karar 12-nji sentýabrda öz güýjüne girer. Ýewropanyň Merkezi bankynyň häzirki başlygy Mario Dragidir. 63 ýaşly Kristin Lagard Fransiýanyň ykdysadyýet we maliýe ministri wezipesini eýelän ilkinji zenandyr, soňra ol Halkara Pul gaznasyna ýolbaşçylyk etdi.