Birleşen Arap Emirliklerinde öýjükli bank amallaryny ulanyjylaryň paýy 90%-e çenli artdy. Şol bir wagtyň özünde bolsa, bankomat hyzmatlaryny ulanyjylaryň paýy 100%-e ýetip, munuň özi ýurtda bank ulgamynyň doly awtomatlaşdyrylýandygyna güwä geçýär. Statistika boýunça federal müdirligiň beýanatyna görä, BAE-niň köp sanly ýaşaýjylary bank amallary, şol sanda bankyň onlaýn – hyzmatlary üçin ykjam telefonlardan peýdalanýarlar.
Öýjükli bank amallarynyň ösmegi BAE-de işleýän banklaryň tagallalaryna ýardam bermek hem-de müşderilere mobil bank amallaryny hödürlemek maksady bilen täze tehnologiýalara maýa goýmak arkaly mümkin boldy diýlip bellenilýär. Haçan-da, 19 bankyň hyzmatlarynyň barlaglarynyň barşynda bank programmalaryny ýükleýänleriň sany 90 müňden 5,4 milliona çenlidigi anyklanylyp, bank hasaplaryndan peýdalanmaga isleg bildirýänleriň sanynyň ýene-de artýandygy belli bolupdyr.
BAE-niň bank ulgamynyň soňky döwürlerde dürli bank hyzmatlaryna elýeterliligi ýeňilleşdirmäge gönükdirilen dürli başlangyçlary amala aşyryp başlandygy bellenilýär. Şeýle hem beýanatda käbir ýerli banklaryň bank hyzmatlaryna elýeterliligi ýönekeýleşdirmek maksady bilen robotlaryň ulanylýandygy bellenilip, gibrid banklaryň geljekde adama bagly işleri azaltmaga ýardam berjekdigi aýdylýar.