Ýaponiýanyň “SoftBank Group Corp” holdingi bütin dünýäde emeli aň tehnologiýasyny işläp düzýän kompaniýalara maýa goýmak maksady bilen, ikinji gaznany döretjekdigini mälim etdi. Bu barada ABŞ-nyň CNBC teleýaýlymy habar berýär. Ýapon bileleşigi “SoftBank” we beýleki hyzmatdaşlar tarapyndan “Vision Fund 2”-ä goýberiljek umumy garaşylýan maýa goýumlaryň möçberiniň özara düşünişmek baradaky birnäçe memorandumlar esasynda 108 milliard dollardan gowrakdygy habar berilýär. “SoftBank” öz tarapyndan täze gazna 38 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.
“Apple”, “Microsoft”, “Foxconn”, “Standard Chartered Bank”, Ýaponiýanyň maliýe ägirtleri “Mizuho Bank”, “Sumitomo Mitsui Banking Corporation” we “MUFG Bank”, şeýle hem Gazagystanyň Milli bankynyň milli maýa goýumlary korporasiýasy we Taýwanyň maýadarlary tarapyndan “Vision Fund 2”-ä maýa goýuljakdygy habar berilýär.
“Vision Fund”-yň birinji gaznasy 100 milliard dollardan ybarat bolup, serişdeleriň ählisi Saud Arabystanyndan we Abu-Dabiden gönükdirilipdi.
“The Wall Street Journal” gazeti habarly çeşmelere salgylanyp, Saud Arabystanynyň we Abu-Dabiniň ýene-de “SoftBank” gaznasyna maliýe goýmagy meýilleşdirýändigini ýöne Er-Riýadyň maýasynyň gazna ilki goýan 45 milliard dollaryndan az boljakdygyny habar berdi. Şeýle hem, garaşylýan umumy maýa goýumlary beýleki gatnaşyjylar bilen dowam edýän gepleşikleriň netijesinde, has-da artyp biler diýip, “SoftBank”-da habar berdiler. Eger-de hyzmatdaşlar özleriniň maliýe borçnamalaryny berjaý etseler, ikinji gazna birinjä garanyň-da, has köp serişde çeker.
2017-nji ýylda esaslandyrylan birinji gazna dünýäde iň uly tehnologik maýadar boldy. Ol, esasan hem, bilelikdäki işe gönükdirilen “The We Company” ulgamyna, Hindistanyň elektron söwdasy bilen iş salyşýan “Flipkart” kompaniýasyna, şeýle hem “Uber”, “Didi Chuxing”, “Grab” we “Ola” taksileriniň sargyt hyzmatlaryna maýa goýdy.