Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len boks­çy Mu­ham­med Ali­niň ABŞ-da­ky dog­duk şä­he­ri Lu­is­will­dä­ki ae­ro­por­tuň bi­na­syn­da, ony ruh­lan­dy­ran “Ke­be­lek ki­min per­waz ur, ary ki­min çak!” di­ýen şy­ga­ry­nyň lo­go­ti­pi ber­ki­dil­di. Lo­go­tip­de ba­şa-baş sö­weş­de gö­ýä ýeň­şi­ni baý­ram­ ed­ýän ýa­ly ke­be­le­giň sa­ýa­syn­da eli­ni ýo­ka­ry gal­dy­ryp du­ran tür­ge­niň keş­bi şe­kil­len­di­ri­lip­dir.
Lo­go­ti­pden gör­nü­şi­ne gö­rä, onuň aw­tor­la­ry­ny boks­çy­nyň aja­ýyp ýe­ňiş­le­ri hem-de so­wuk­gan­ly­ly­gy ruh­lan­dy­ryp­dyr. Lo­go­ti­piň reň­ki onuň güýç-kuw­wa­ty­ny gör­kez­mek üçin gy­zyl reňk­den na­rynç reň­ke öw­rül­ýär. Ae­ro­por­tuň tä­ze lo­go­ti­pi Lu­is­will­de her ýyl ge­çi­ril­ýän Mu­ham­med Ali hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de hö­dür­len­di.
Lo­go­ti­piň tanyşdyryş da­ba­ra­sy­na res­mi adam­lar, şol san­da Mo­ham­med Ali­niň aýa­ly Lon­ni Ali hem-de Mo­ham­med Ali mer­ke­zi­niň iş­gär­le­ri, ýerli häkimiýetiň ýolbaşçysy gat­naş­dy. Lon­ni Ali ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de eden çy­ky­şyn­da
– Mu­ham­med Ali ni­rä git­se-de, Lu­is­will­i he­mi­şe öz dog­duk şä­he­ri ha­sap­la­ýar­dy – di­ýip bel­le­di. Şu ýy­lyň ýan­war aýyn­da ka­bul edi­len ka­ra­ra gö­rä, boks­çy­nyň dog­duk şä­he­rin­dä­ki ae­ro­por­ta “Mo­ham­med Ali adyn­da­ky hal­ka­ra ae­ro­port” diý­lip at da­kyl­dy. Mu­ham­med Ali sport dün­ýä­sin­de “Äh­li dö­wür­le­riň iň be­ýik boks­çu­sy” di­ýen be­lent ady bi­len ta­nal­ýar. Ol öm­rü­niň ahyr­ky ýyl­la­ryn­da nä­hoş­lu­ga uç­ra­dy. Tür­gen 2016-njy ýyl­da 74 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­dy.