Ýer ýy­lyň 29-njy iýu­lyn­da hal­ka­ra gap­laň gü­ni bel­le­ni­lip ge­çi­lip, bu çä­re Ýer ýü­zün­dä­ki gap­laň­la­ry go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da şeý­le çä­rä­ni ge­çir­me­giň esa­sy mak­sa­dy, gap­laň­la­ryň ýi­tip, ýok bo­lup bar­ýan­ly­gy­ny we ola­ry go­ra­ma­gyň usul­la­ry­ny köp­çü­li­giň dyk­ga­ty­na ýe­tir­mek­den yba­rat­dyr.
Soň­ky ýyl­lar­da Hin­dis­tan­da ýa­ba­ny gap­laň­la­ryň sa­ny 30% art­dy. Şeý­le ne­ti­je­ler ba­ra­da Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di­niň gat­naş­ma­gyn­da Nýu-De­li­de Hal­ka­ra gap­laň gü­ni my­na­sy­bet­li mä­lim edi­len ha­sa­bat­da bel­le­nil­ýär. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, ge­çen ýyl Hin­dis­tan­da pi­şik­ler maş­ga­la­syn­dan bo­lan bu ýyr­ty­jy­la­ryň sa­ny­nyň 2 müň 967 sa­ny­sy­nyň bar­dy­gy bel­li bo­lup­dyr.
– Şu gün­ki gün­de Hin­dis­tan­da 3 mü­ňe go­laý gap­la­ňyň ýa­şa­ýan­dy­gy­ny hem-de ola­ryň ýa­şa­ma­gy üçin ýur­du­my­zyň çäk­le­ri­niň iň howp­suz ýer bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len aý­dyp bi­le­ris – di­ýip, Na­rend­ra Mo­di aýt­dy.
Hal­ka­ra gap­laň gü­ni 2010-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da 13 döw­le­tiň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da Rus­si­ýa­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de Ýer ýü­zün­dä­ki gap­laň­la­ry go­ra­ma­gyň me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan fo­rum­da (Glo­bal Ti­ger Fo­rum) esas­lan­dy­ryl­dy. Ýa­ba­ny te­bi­ga­ta gö­nük­di­ri­len bü­tin­dün­ýä gaz­na­sy­nyň (World Wild­li­fe Fund) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, XX asy­ryň baş­la­ryn­da Ýer­ ýü­zün­de 100 müň tö­we­re­gi gap­laň ýa­şap­dyr. 100 ýyl­dan soň ola­ryň sa­ny 95%-e çen­li aza­lyp­dyr.
Şeý­le hem Rus­si­ýa­da 560 tö­we­re­gi gap­la­ňyň ýa­şa­ýan­dy­gy ba­ra­da dür­li-dür­lü­li­gi go­ra­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­nyň ýol­baş­çy­sy Wla­di­mir Kre­wer ha­bar ber­di.
Mun­dan ozal “Glo­bal Ti­ger Ini­tia­tive” gu­ra­ma­sy gap­laň­la­ry go­ra­mak mak­sa­dy bi­len, 350 mil­li­on dol­lar jem­le­nen­di­gi­ni hem-de 2022-nji ýy­la çen­li gap­laň­la­ryň baş sa­ny­nyň art­jak­dy­gy­ny ha­bar be­rip­di. Gap­laň­lar hal­ka­ra de­re­je­sin­de go­ra­lyp, Gy­zyl ki­ta­ba hem gi­ri­zi­len­dir. Ola­ry aw­la­mak 1947-nji ýyl­dan baş­lap do­ly ga­da­gan edil­di.