Onuň wezipä geçiş dabarasy ýurduň paýtagty Nuakşotyň Maslahatlar merkezine ýygnananlaryň müňlerçesiniň, şol sanda daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirildi.
22-nji iýunda Mawritaniýa Yslam Respublikasynda geçirilen saýlawlarda ozalky goranmak ministri Mohammed wäled al-Şeýh al-Gazwani ýeňiş gazandy. Ýurduň garaşsyz saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, Mohammed wäled al-Şeýh al-Gazwaniniň gazanan sesleriniň sany beýleki dalaşgärlere garanyňda, ep-esli köpdür (52,01%). Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, saýlawlaryň netijeleri konstitusion komissiýa tarapyndan tassyklanýar. Saýlawlara gatnaşyk 62,66 göterime deň boldy.
Günbatar Afrikada ýerleşýän Mawritaniýanyň Prezidenti göni ses bermek arkaly saýlanýar. Sesleriň ýaryndan gowragyna eýe bolan dalaşgär ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanýar. Eger-de saýlawlaryň birinji tapgyrynda dalaşgärleriň hiç birisiniň gazanan sesleri 50 göterimden geçmese, onda onuň ikinji tapgyry geçirilip, oňa has köp sese eýe bolan iki dalaşgär gatnaşýar.
Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň günbataryny Atlantik ummany ýuwýar, demirgazyk-günbatary Günbatar Sahara, günorta-günbatary Senegal, demirgazyk-gündogary Alžir, günorta-gündogary bolsa, Mali bilen serhetleşýär.
“Mawritaniýa” toponimi miladydan 3 müň ýyl ozal döredilip, “Günbatardaky ülke” diýen manyny berýär. Ýurt 1960-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Fransiýadan garaşsyzlygyny alýar. Mawritaniýa 13 welaýata bölünip, paýtagty Nuakşotdyr. Resmi dili arap dili bolan bu ýurtda 2017-nji ýylyň maglumatlaryna görä, 3 893 800 adam ýaşaýar. 2016-njy ýylyň hasabyna laýyklykda, ýurduň içerki milli girdejisi 4,635 milliard dollara deň bolup, ilatyň jan başyna düşýän girdejisi 1284 dollara deň.