Dün­ýä­niň uçar awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry 2018-nji ýyl­da 2017-nji ýy­la ga­ra­nyň­da, ýo­lag­çy­la­ry gat­na­dy­ly­şy­ny 6,9%, ýag­ny 4,4 mil­li­ar­da çen­li art­dy­ryp­dyr­lar. Bu ba­ra­da Hal­ka­ra ho­wa trans­port as­so­sia­si­ýa­sy (In­ter­na­tio­nal Air Trans­port As­socia­ti­on, IATA) ha­bar ber­ýär. Şeý­le gör­ke­zi­ji IATA-nyň 2017-nji ýyl­da­ky çak­la­ma­syn­dan ar­tyk gel­ip, 4,3 mil­liard adam möç­be­rin­dä­ki ýo­lag­çy aky­my, ýag­ny 6% ýo­lag­çy gat­na­wy bo­lar diý­lip ga­ra­şy­lyp­dy.
Ýo­lag­çy­la­ry gat­na­dyş ba­za­ryn­da ozal­ky­la­ry ýa­ly, Azi­ýa-Ýu­waş Um­man se­bi­ti­niň pa­ýy uly bo­lup, 37,1% (1,6 mil­liard ýo­lag­çy, 2017-nji ýy­la çen­li ösüş 9,2%) ikin­ji or­ny 26,2% paý bi­len Ýew­ro­pa uçar kom­pa­ni­ýa­la­ry (1,1 mil­liard ýo­lag­çy, +6,6%), De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka uçar kom­pa­ni­ýa­la­ry 22,6% bi­len üçün­ji or­ny eýe­le­ýär­ler (989,4 mil­li­on ýo­lag­çy, + 4,8%).
Şeý­le hem IATA pu­da­gyň ar­zan ba­ha­sy­nyň do­wam­ly ös­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär: As­so­sia­si­ýa ag­za bo­lan awia­kom­pa­ni­ýa­la­ryň 290-syn­dan 52-si öz­le­ri­niň ba­ha­la­ry­nyň ar­zan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. 2018-nji ýy­lyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça “Star Al­li­ance” iri awia­si­ýa bi­le­le­şi­gi hök­mün­de, öňe saý­lan­dy (ba­zar­da­ky pa­ýy 22% tö­we­re­gi), onuň yz ýa­nyn­dan “Sky­Te­am”, (18,8%) on­dan soň bol­sa, “one­world” (15,4%) gel­ýär.
IATA-nyň baş ýol­baş­çy­sy Alek­sandr de Žu­ni­ak in­di pu­da­gyň ha­pa gaz­la­ryň ho­wa goý­be­ril­me­gi­ni çäk­len­dir­mä­ge geç­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.
– Biz 2020-nji ýyl­dan baş­lap, ha­pa gaz­la­ryň ho­wa zy­ňyl­ma­sy­nyň ar­ty­şy­ny çäk­len­di­rip, 2050-nji ýy­la çen­li 2005-nji ýy­lyň de­re­je­si­niň ýa­ry­sy­na çen­li azal­da­rys. Bu çyn­la­kaý mak­sa­da döw­letiň goldawy hem gerek – di­ýip, gu­ra­ma­nyň ýol­baş­çy­sy mä­lim et­di.