Dün­ýä met­bu­ga­tyn­da ko­fä­niň peý­da­ly ta­rap­la­ry ba­ra­da he­mi­şe ýaz­ýar­lar. Go­laý­da alym­lar bu hoş­boý ys­ly iç­gi­niň sag­ly­ga ed­ýän ýa­kym­ly tä­si­ri ba­ra­da umu­my pi­ki­re gel­di­ler. Gar­ry­lyk pro­se­si­ni gi­jik­dir­mek is­le­ýän bol­sa­ňyz, ko­fe içiň. Bu önüm an­ti­ok­si­dant­la­ryň muk­da­ry bo­ýun­ça öň­dä­ki orun­la­ryň bi­rin­de dur­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da gök ça­ýa ga­ra­nyň­da, dü­zü­min­de 4 es­se köp peý­da­ly mad­da­la­ry sak­la­ýar.
Sus­lu­gyň we göw­nü­çök­gün­li­giň öňü­ni al­ýar. Ko­fe iç­ýän­le­re 20 gö­te­rim az göw­nü­çök­gün­lik how­py aban­ýar. Ha­çan-da, bu hoş­boý ys­ly iç­gi içi­len­de ka­na­gat­lan­mak gor­mo­ny (iç­ki sek­re­si­ýa mäz­le­ri­niň gan üçin iş­läp çy­kar­ýan mad­da­sy) iş­läp çyk­ýar. Ko­fä süýt, şe­ker ga­ryl­ma­sa sem­ret­me­ýär. Ko­fe düw­nü­ge hem gar­şy­dyr. Ame­ri­ka­nyň Mil­li yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň alym­la­ry bu iç­gi­niň düw­nü­giň öňü­ni al­mak uky­by­nyň bar­dy­gy­ny su­but et­di­ler. Üs­te­si­ne-de, ke­sel­le­riň öňü­ni alyş mak­sa­dy bi­len içil­jek ko­fe ha­ky­ky te­bi­gy ko­fesi bol­ma­ly­dyr. Ko­fe Als­geý­me­re ýa­ly ke­sel­le­riň, şeý­le hem stres­siň öňü­ni al­ýar. Iç­gi­niň hoşboý ysy şähdiňi gö­ter­ýär.
Eger-de öte içil­me­se, hoş­boý ys­ly iç­gi­niň peý­da­ly hä­si­ýet­le­ri kän. Hä­zir­ki dö­wür­de köp­ler ir­den bir bul­gur gyz­gyn ko­fe bol­ma­sa, dur­mu­şy­ny göz öňü­ne ge­ti­rip bil­me­ýär­ler. Gö­rüp otur­sa­lar, ko­fe 20 gö­te­rim göw­nü­çök­gün­li­gi pe­se dü­şür­ýän eken.