Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun şu ýylyň 6—10-njy iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Ol bu saparynyň barşynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, hökümet başlygy Li Kesyan, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşyklar geçirdi.
Pekin şäherindäki Dýaoýuýtaý döwlet kabulhanasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerde Si Szinpin 10 ýyldan bäri BMG-niň Baş sekretary wezipesinde işleýän Pan Gi Munuň Hytaý bilen bu halkara guramasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmek babatda goşan goşandynyň uludygyny belledi. Şeýle hem ol BMG-niň Baş sekretarynyň tagallalary bilen halkara jemgyýetçiligini durnukly ösüşe ugrukdyrmak, howanyň üýtgemegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly ugurlarda köp işleriň edilendigini mälim etdi. HHR-iň Başlygy mundan beýläk-de BMG-niň öz ýörelgeleri esasynda dünýäde ählumumy parahatçylygy berkarar etmek, durnukly ösüşi dowam etdirmek babatda degişli işleri alyp barjakdygyna ynam bildirdi. Si Szinpin Pan Gi Muna şu ýylyň sentýabr aýynda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriljek “20 topar”-yň sammitine gatnaşmak baradaky başlangyjy üçin hoşallyk bildirdi.
—Hytaý tarapy BMG bilen ösüş hem-de howanyň üýtgemegine bagly meselelerde hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Aziýanyň infrastruktura maýa goýumlar bankyny döretdik. Bu maliýe edarasynyň BMG, galyberse-de, beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyna uly ähmiýet berýäris – diýip, Si Szinpin belledi.
BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun hem öz gezeginde HHR-iň Başlygy Si Szinpine özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Baş sekretaryň aýtmagyna görä, Hytaý BMG-niň işleriniň ilerledilmegine uly goşant goşdy. Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde köp sanly meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşdy. Şeýle hem ol hytaý tarapynyň başlangyjy bilen döredilen Aziýanyň infrastruktura maýa goýumlar banky bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny we ösüp barýan ýurtlarda gurluşyk pudagyna degişli taslamalary bilelikde amala aşyrmak üçin tagalla ediljekdigini mälim etdi.
Baş Sekretar Pan Gi Mun saparynyň çäklerinde Hytaýyň Gyzyl Haç edarasynyň gaýragoýulmasyz kömekler merkezine baryp gördi. Şeýle hem ol maýyplaryň hukuklary boýunça BMG-niň Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan ýygnaga gatnaşdy.
Mundan başga-da Pan Gi Mun Hytaýyň käbir şäherlerindäki senagat zolaklaryna baryp gördi. Şol ýerlerde ol durnukly ösüşi berkarar etmek ugrunda alnyp barylýan taslamalar bilen tanyşdy.