Hä­zir­ki wagt­da Gün­den go­ra­ýan äý­nek­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­ni sat­ýan köp san­ly dü­kan­la­ra ga­bat gel­mek bol­ýar. Biz ol ýer­den özü­mi­ze la­ýyk äý­ne­gi saý­lap bil­ýä­ris. Gün­den go­ra­ýan äý­nek­ler has ir za­man­lar oý­la­nyp ta­py­lyp, il­ki ol baş­ga­ça gör­nüş­de bo­lup­dyr. Ta­ryh­çy­lar onuň de­mir­ga­zyk ýurt­la­rynyň ýa­şaý­jy­la­ry ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­py­lan­dy­gy­ny çak ed­ýär­ler. Gyş­da gün çy­kyp dur­ka ýag­ty­lyk gar­dan yzy­na ser­pi­gip, göz­le­ri ga­maş­dy­ryp­dyr. Şon­da ýü­zi in­çe­jik di­li­nen tag­ta­jyk­lar äý­nek hök­mün­de ula­ny­lyp­dyr. Olar ýi­ti ýag­ty­lyk­dan go­ra­ma­ga on­çak­ly ukyp­ly bol­ma­sa-da, göz­le­ri­ňi süz­mez­lik üçin ýe­ter­lik ýar­dam be­rip­dir. Ga­dy­my Rim­de im­pe­ra­tor Ne­ron gla­dia­tor­la­ryň sö­weş­le­ri­ni açyk ýa­şyl lin­za­ly sap­ly äý­nek­ arkaly to­ma­şa edip­dir. XX asy­ryň baş­la­ryn­da Gol­li­wu­dyň akt­ýor­la­ry he­mi­şe di­ýen ýa­ly ga­ra äý­nek da­ky­nyp­dyr­lar. Gün­den go­ra­ýan şeý­le äý­nek­ler kä­mil­leş­me­giň uzak ýo­lu­ny geç­ýär­ler.
Gün­den go­ra­ýan hä­zir­ki za­man äý­nek­le­ri­niň kä­bi­ri haý­sy­dyr bir sun­gat ese­ri­ni ýa­dy­ňa sal­ýar. Hä­zir ola­ryň dür­li gör­nüş­le­ri bar. Gün­den go­ra­ýan ar­zan äý­nek­le­riň köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ri­li­şi 1929-njy ýyl­da Ame­ri­ka­da baş­la­ýar. Ýag­ty­ly­gy pol­ýa­riz­le­ýän äý­nek­ler ame­ri­kan oý­lap ta­py­jy­sy Ed­win Lend pol­ýa­ro­id filt­ri­ni oý­lap ta­pan­dan soň­ra, 1936-njy ýyl­da peý­da bol­ýar. Bu äý­nek­ler gö­zi ýi­ti ýag­ty­lyk­dan go­rap, gör­şi has-da go­wu­laş­dyr­ýar. Gün­den go­ra­ýan äý­nek­ler gör­şü­ňi aý­dyň­laş­dyr­ýar, göz­le­ri ýi­ti ýag­ty­lyk­dan, esa­san hem göz ke­sel­le­ri­ne se­bäp bol­ýan ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­rin­den go­ra­ýar.