11-nji awgustda Merkezi Amerikada ýerleşýän Gwatemala Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Alehandro Jammattei sesleriň 58,87%-i bilen ynamly ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň “Guatevision” teleýaýlymy habar berdi. Alehandro Jammattei “Öňe” (Vamos) konserwatiw partiýasynyň başlygydyr. Onuň esasy bäsdeşi “Umyt milli bileleşigi” (Unidad Nacional de Esperanza – UNE) partiýasynyň baş sekretary Sandra Torres sesleriň 41,13%-ne eýe boldy. Ýöne saýlawlaryň birinji tapgyrynda Sandra Torres ýeňiş gazanypdy. Gwatemalanyň Prezidenti gaýtadan saýlanmak hukugy bolmazdan 4 ýyllyk möhlet bilen saýlanylýar.
Mundan ozal 16-njy iýunda Gwatemalada Parlament we Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry geçirilip, Sandro Torres we Alehandro Jammattei bu bäsleşigiň esasy liderleri bolupdylar. Ählumumy saýlawlarda Respublikanyň Kongresiniň 160 wekili, şeýle hem häkimler saýlandy.
Saýlawlaryň birinji tapgyrynda saýlawçylaryň sanawyna 8 milliondan gowrak adam bellige alnyp, prezident wezipesi üçin 19 dalaşgär bäsleşipdi. Sesler sanalandan soňra, “Umyt milli bileleşigi” (Unidad Nacional de Esperanza – UNE) partiýasynyň baş sekretary Sandra Torresiň 24,2%, onuň bäsdeşi, “Öňe” (Vamos) partiýasynyň başlygy Alehandro Jammattei 15,2% ses bilen öňe saýlanypdy. Saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgäriň 50%-den gowrak sese eýe bolmagy gerekdi. Prezident saýlawlaryna gatnaşyjylaryň hiç birisiniň gazanan sesi 50%-den geçmänligi üçin iň köp ses gazanan iki dalaşgäriň arasynda 11-nji awgustda Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirildi.
Şeýle hem, Parlament we Prezident saýlawlaryna gatnaşmaga 28 partiýa bellige alnypdy. Maglumatlara görä, “Umyt milli bileleşigi” partiýasy Kongresiň bir palataly saýlawlaryna 19,5%, “Öňe” partiýasy bolsa, 9% netije bilen öňe saýlanypdy.