Russiýada iş hepdesi dört gün bolup, aýlyk haklary hem ozalkylygyna galdyrylyp bilner. Bu barada Russiýanyň Garaşsyz profsoýuzlar federasiýasy mälim edýär. Bu federasiýanyň jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň beýanatynda dünýäde iş wagtynyň dowamlylygy kem-kemden pese düşüp, eýýäm 35 sagatlyk iş hepdesi käbir ýurtlarda, pudaklarda we kärhanalarda hakykata laýyk hasaplanylýar.
Russiýanyň Garaşsyz profsoýuzlar federasiýasy ýurtda iş hepdesini gysgaltmak arkaly zähmetiň wagtyny azaltmalydygyny we zähmetiň guralyşynyň aýratynlyklaryny nazara alyp, aýlyk haklaryny pese düşürmeli däldigini öňe sürýär. Garaşsyz profsoýuzlar federasiýasy öz tekliplerini ýurduň Zähmet ministrligine ýollady. “Biz bu meseläni sozial-zähmet gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça üç taraplaýyn komissiýanyň garamagyna teklip edýäris” diýlip federasiýada habar berdiler.
Mundan ozal, Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Dmitriý Medwedow geljekde jemgyýetiň dört günlik iş hepdesine geçmek meselesiniň aradan aýrylmaýandygyny öňe sürüpdi. – Tehnologik ösüş diňe bir işçi orunlaryny azaltmaga sebäp bolman, eýsem, iş wagtyny azaltmaga hem mümkinçilik berýär. Geljekde dört günlik iş hepdesi sosial-zähmet şertnamasynyň täze esaslary bolup biler. 100 ýyl mundan ozal, amerikan işewüri Genri Ford öz kärhanasynda iş hepdesini 48 sagatdan 40 sagada çenli azaldyp, zähmet önümçiliginiň ýokary ösüşini gazanypdy. Şeýle hem, Täze Zelandiýanyň kompaniýalarynyň biri dört günlik iş hepdesini girizenden soňra, iş wagtynyň her sagadyndan 20 göterim önümçilik ösüşini gazanyp, üstesine-de işgärleriň ruhy ýagdaýy has-da gowulaşypdyr – diýip, Russiýanyň hökümet başlygy Dmitriý Medwedow aýtdy.