Is­pa­ni­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Žo­zep Bor­rel Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň da­şa­ry iş­ler we howp­suz­lyk sy­ýa­sa­ty bo­ýun­ça Ýo­ka­ry we­ki­li we­zi­pe­si­ne res­mi taý­dan bel­len­il­di. Mun­dan ozal bu we­zi­pä­ni 2014-nji ýyl­dan bä­ri Ýew­ro­pa dip­lo­ma­ti­ýa­sy­na ýol­baş­çy­lyk eden ha­nym Fe­de­ri­ka Mo­ge­ri­ni eýe­le­ýär­di. Bu ba­ra­da­ky ka­rar 31-nji iýul­da ka­bul edi­lip, on­da Žo­zep Bor­re­liň 2024-nji ýy­lyň 31-nji okt­ýab­ry­na çen­li Ýew­ro­pa dip­lo­ma­ti­ýa­sy­na ýol­baş­çy­lyk et­jek­di­gi bel­le­nil­ýär.
Žo­zep Bor­rel 1-nji no­ýabr­da we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer. Bor­re­liň da­laş­gär­li­gi 2-nji iýul­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ry­nyň li­der­le­ri ta­ra­pyn­dan ma­kul­la­ny­lyp­dy. Žo­zep Bor­rel öz ýur­du­nyň hö­kü­me­tin­de 1991-nji ýyl­dan bä­ri iş­le­ýän tej­ri­be­li sy­ýa­sat­çy­dyr. Ol il­ki jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri we trans­port mi­nist­ri, 2004-nji ýy­lyň 20-nji iýu­lyn­dan 2007-nji ýy­lyň 16-njy ýan­wa­ry­na çen­li Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň baş­ly­gy bol­dy. Bor­rel 2018-nji ýy­lyň iýu­nyn­dan bä­ri Is­pa­ni­ýa­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­na ýol­baş­çy­lyk edip gel­ýär. Ol Mad­ri­diň Po­li­teh­nik hem-de Komp­lu­ten­se uni­wer­si­tet­le­ri­ni ta­mam­la­dy.