Bü­tin Af­ri­ka yk­ly­my­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 5 müň­den gow­rak ýol­baş­çy­la­ry ýaş işe­wür­le­re il­kin­ji ädim­le­ri ät­mä­ge gol­daw ber­mek mak­sa­dy bi­len Ni­ge­ri­ýa­nyň paý­tag­ty Abu­ja­da ýyg­nan­dy­lar. Fo­ru­myň gu­ra­ma­çy­la­ry “The To­ny Elu­me­lu Fo­un­da­ti­on” gaz­na­sy bo­lup dur­ýar. Da­şa­ry ýurt­ly ma­ýa­dar­lar, me­ne­jer­ler, te­le­ke­çi­ler bu baş­lan­gy­jy ma­kul­la­dy­lar. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da olar üs­tün­lik ga­zan­ma­gyň bo­lup bi­läý­jek ýö­rel­ge­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
“The To­ny Elu­me­lu Fo­un­da­ti­on” gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan saý­la­ny­lyp al­nan da­laş­gär­le­re baş­lan­gyç ma­ýa hem-de kö­mek hök­mün­de 5 müň dol­lar bö­lü­nip be­ril­ýär. Şeý­le hem ola­ra kär­ha­na­ny do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça tä­lim be­ril­ýär.
2015-nji ýyl­da gaz­na­nyň ýol­baş­çy­la­ry ýa­kyn 10 ýyl­da 10 müň tä­ze te­le­ke­çä 100 mil­li­on dol­lar bö­lü­nip be­ril­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di­ler. Di­ňe şu ýy­lyň özün­de bu gu­ra­ma 216 müň adam ma­li­ýe gol­da­wy­ny is­läp ýüz tu­tup­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu mak­sat­na­ma ýaş­la­ryň 7,5 mü­ňü­si gat­naş­ýar. Se­ne­gal hö­kü­me­tin­den gaz­na­nyň hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri üç ýy­lyň do­wa­myn­da ýaş te­le­ke­çi­le­re 1 mil­li­on dol­lar tö­we­re­gi se­riş­de bö­lü­nip be­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy.
“The To­ny Elu­me­lu Fo­un­da­ti­on” 2010-njy ýyl­da To­ni El­ýu­me­li ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan tä­jir­çi­lik däl af­ri­kan gu­ra­ma­sy­dyr. Ni­ge­ri­ýa­nyň La­gos şä­he­rin­de ştab-kwar­ti­ra­sy ýer­leş­ýän gu­ra­ma­nyň mak­sa­dy ýaş te­le­ke­çi­le­re ma­li­ýe gol­da­wy­ny be­rip, Af­ri­ka yk­ly­my­ny gül­läp ös­dür­mek­den yba­rat­dyr.