Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko 5-nji awgustda Respublikanyň Geňeşine we Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň wekiller Palatasynyň ýedinji çagyrylyşynyň saýlawlaryny geçirmek baradaky kararlara gol çekdi. Olar degişlilikde, 2019-njy ýylyň 7-nji we 17-nji noýabrynda geçiriler. Bu barada Belarus lideriniň saýtynda habar berilýär. Ýurduň saýlawlary we sala salşyklaryny geçirmek boýunça Merkezi saýlaw komissiýasy özüniň ygtyýarlygyna laýyklykda, saýlawlary gurar we degişli kada-kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik eder diýlip, resminamada bellenilýär. Deputatlaryň ýerli geňeşlikleri, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralar 8-nji oktýabrdan gijä galman Milli ýygnagyň Respublikan Geňeşiniň agzalygyna dalaşgärlerini hödürlemelidirler. Hökümet agzalaryna saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmegi döwletiň býujetiniň serişdeleriniň hasabyna üpjün etmek tabşyryldy.