Hin­dis­ta­nyň Ut­tar-Pra­deş şta­tyn­da bir gü­nüň do­wa­myn­da 50 mil­li­on agaç na­ha­ly otur­dyl­dy. Şeý­le­lik­de, Hin­dis­ta­nyň bu şta­ty şeý­le gör­ke­zi­ji bi­len Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­me­gi ba­şar­dy. Bu ba­ra­da “As­so­sia­ted Press” ha­bar ber­ýär. Bu çä­rä 800 müň­den gow­rak adam gat­naş­dy. Ola­ryň ara­syn­da döw­let ýol­baş­çy­la­ry, de­pu­tat­lar, ta­lyp­lar, öý ho­ja­lyk­çy­la­ry we meý­le­tin­çi­ler bar. Agaç na­hal­la­ry ga­ra ýol­la­ryň we de­mir ýol­la­ryň ug­run­da hem-de to­kaý zo­lak­la­ryn­da ekil­di.
—Ho­wa kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň goý­be­ril­me­gi­ni azalt­mak ba­bat­da çyn­la­kaý ala­da et­mek ge­rek. Ut­tar-Pra­deş şta­ty hem mu­nuň üçin il­kin­ji ädi­mi­ni ät­di – di­ýip, şta­tyň ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ak­hi­leş Ýa­daw gür­rüň ber­di.
Hin­dis­ta­nyň hö­kü­me­ti ýur­duň 29 şta­ty­nyň ählisini öz ter­ri­to­ri­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de to­kaý zo­lak­la­ry­ny kö­pelt­mä­ge ça­gyr­dy. Mu­nuň üçin ýur­duň hö­kü­me­ti 6,2 mil­liard dol­lar gö­nük­dir­di. Mak­sat­na­ma gö­rä, 2030-njy ýy­la çen­li ýurt­da to­kaý zo­lak­la­ry­nyň meý­da­ny­ny 95 mil­li­on gek­ta­ra ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Bir gün­de köp san­ly agaç na­hal­la­ry­ny otur­tmak ba­bat­da­ky ozal­ky re­kord Pa­kis­ta­na de­giş­li­dir. 2013-nji ýyl­da bu ýurt­da 847 müň­den gow­rak na­hal eki­lip­di.