Dün­ýä um­ma­ny köp san­ly jan­ly-jan­da­ry, ha­ky­kat-da mil­li­on­lar­ça jan­da­ry özün­de jem­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä um­ma­nynyň haý­wa­nat we ösüm­lik dün­ýä­si dür­li ýa­ra­maz ýag­daý­lar­dan tä­sir­len­ýär­ler. Bu ýag­daý­lar ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, suwuň ha­pa­lan­ma­gy, de­ňiz­le­riň we um­man­la­ryň se­riş­de­le­ri­niň çen­de­na­şa ula­nyl­ma­gy bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy de­ňiz düý­bü­niň köp­dür­lü­li­gi­ni gel­jek­ki ne­sil­le­re go­rap sak­la­mak üçin ta­gal­la ed­ýär.
Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki mer­ke­zi bi­na­syn­da de­ňiz­dä­ki bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi go­ra­mak üçin tä­ze hal­ka­ra res­mi­na­ma­nyň üs­tün­de iş al­nyp ba­ryl­ýar. Tä­ze yla­la­şy­gyň BMG-niň de­ňiz hu­kuk­la­ry kon­wen­si­ýa­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da he­re­ket et­jek­di­gi mä­lim edil­di.
Dün­ýä um­ma­ny Ýer şa­ry­nyň dört­den üç bö­le­gi­ni eýe­le­ýär. On­da pla­ne­ta­da­ky ägirt uly suw jan­dar­la­ry ýa­şa­ýar. Soň­ky 150 ýy­lyň do­wa­myn­da ola­ryň bio­köp­dür­lü­li­gi ýi­tip bar­ýar. Ba­lyk­la­ryň gor­la­ry­nyň köp bö­le­gi ula­nyl­ýar. Tä­ze yla­la­şyk he­re­ket ed­ýän mil­li ýu­ris­dik­si­ýa­nyň çäk­le­ri­niň da­şyn­da­ky se­bit­le­riň ekoul­ga­my­ny go­ra­ma­gy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Mu­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly gep­le­şik­ler do­wam ed­ýär. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň we­kil­le­ri­niň bel­le­me­gi­ne gö­rä, 2020-nji ýyl­da res­mi­na­ma­nyň teks­ti ba­bat­da yla­la­şy­gyň ga­za­nyl­jak­dy­gy mä­lim edil­ýär. Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň bi­ri, ýag­ny 14-nji­si um­man­la­ryň, de­ňiz­le­riň we de­ňiz se­riş­de­le­ri­niň dur­nuk­ly ösüş üçin oý­la­ny­şyk­ly ula­nyl­ma­gy­ny ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.