Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Singapur döwletinde saparda bolar. Bu sapar Türkmenistan bilen Singapuryň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar hem-de ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşmegine uly goşant goşar. Biz hem şu sanymyzda Aziýanyň derwezesi hasaplanýan hem-de täze tehnologiýalaryň we gadymy däp-dessurlaryň özboluşly sazlaşygyny emele getirýän Singapur döwleti barada gürrüň bermegi makul bildik.
Singapur Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşip, myhmansöýer ýurtlaryň biridir. Jemgyýetçilik ulaglary ýokary derejede hyzmat edýär. Ýurduň köçelerinde hapa ýa-da zir-zibilleri görmek mümkin däl. Ýurduň syýahatçylyk mekanlary dünýäniň ençeme döwletinden jahankeşdeleri özüne çekýär.
Medeniýetiň, sungatyň hem-de binagärligiň häzirki zaman gazananlarynyň bir ýere jemlenen adybir Singapur şäheri diňe bir işewürlik megapolisi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň ýeke-täk gije ulag ýaryşlarynyň geçirilýän mekany, dünýäniň iň uly guşlarynyň seýilgähiniň hem-de okeanariumynyň ýerleşýän şäheridir.
Parlament respublikasy hasaplanylýan Singapuryň Prezidenti Halima Ýakob, Premýer-ministri Li Sýanlundyr. Singapur ilatyň gürlügi boýunça dünýäde ikinji orunda durýar. 5,6 milliondan gowrak ilaty bolan ýurduň ilatynyň 39 göterimini daşary ýurtlular düzýär. Mundan başga-da malaýlar we hindiler hem bar.
Singapur 1965-nji ýylda garaşsyz döwlet boldy. Gysga döwrüň içinde dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň birine öwrüldi.
Ol dünýädäki 3 sany şäher döwlet gurluşyna eýedir. Olaryň beýlekileri Watikan bilen Monakodyr. Singapuryň düzüminde 63 sany kiçi ada bar. Olaryň köpüsi ýaşalmaýan adalardyr.
Ýurduň resmi dili malaý dilidir. Ýöne ýene-de 3 dil resmi derejä eýedir. Olar – iňlis, hytaý we tamil dilleridir.
Singapur tutýan meýdany boýunça dünýäniň iň kiçi 20 ýurdunyň biridir. Onuň meýdany 719 inedördül kilometrdir.
Milli baýdagynyň özboluşly manysy bar. Baýdagyndaky gyzyl reňk ählumumy dostlugy we deňligi, ak reňk bolsa, arassaçylygy we ýagşylygy aňladýar. Ýarym aý milletiň ýaşlygyny, 5 ýyldyz demokratiýanyň, parahatçylygyň, ösüşiň, adalatlylygyň we deňhukuklylygyň nyşanydyr.
Singapurlylar dünýäde iň çalt ýöreýän halkdyr. Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, ýurduň raýatlary sagatda ortaça 6,15 kilometr tizlikde hereket edýärler.
Singapur ilatyň gürlügi boýunça Monakodan soňra ikinji orunda durýar. 1 inedördül kilometre 7389 adam düşýär.
Şäheriň merkezinde 280 metrden uly bolan binalary gurmak gadagandyr. 2016-njy ýylda 290 metr beýikliginde “Tanjong Pagar Centre” binasy guruldy we ol häzir ýurduň iň beýik binasy hasaplanýar.
“Formula-1” awtomobil sporty ýaryşlarynyň gije wagty geçirilýän ýeke-täk ýeri Singapurdyr. Bu başlangyç köp sanly awtomobil sporty muşdaklaryny özüne çekdi.
Ýurtda iň uly synlaýyş halkasy bolup, onuň beýikligi 165 metrdir.
Singapur işewürçilik işlerini ýeňillik bilen gurnamakda dünýäde birinji orunda durýar. Aziýanyň iň pes salgyt görkezijileri bu ýurda degişli bolup, bir kompaniýany 10 minutda hasaba aldyrmak mümkinçiligi bar.
Ilatyň 3 göterimi millionerlerden ybaratdyr.
Singapurda çagalar matematika we takyk bilimlerde has zehinli hasaplanylýar. Singapuryň bilim ulgamy Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň bilim ulgamyndan soňra üçünji orunda durýar.
Singapur eýýam birnäçe ýyldan bäri dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeläp gelýär.
Singapur bilimiň, dynç alşyň, saglygy goraýşyň, adam kapitalynyň, innowasiýanyň, logistikanyň, önümçiligiň, tehnologiýanyň, syýahatçylygyň, söwdanyň we ulagyň global merkezi hasaplanylýar.
Tutuş dünýäde Singapur porty we Çangi aeroporty köp ýyllaryň dowamynda “Deňiz paýtagty” we “Iň gowy howa menzili” diýen derejeleri eýeläp gelýär. 2018-nji ýylda Singapur howaýollary kompaniýasy dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy hasaplanyldy.
Her ýyl ýurda ortaça 17 million daşary ýurtly jahankeşde gelýär. Soňky ýyllarda syýahatçylygyň lukmançylyk ugruna hem uly üns berlip başlanyldy. Saglyk maksatly syýahatçylyk üçin 200 müňden gowrak daşary ýurtly gelýär.
Singapurda 80 müňden gowrak daşary ýurtly talyp bilim alýar. Olar ýurduň talyplarynyň 20 göterimini eýeleýär.
Ýurtda ömrüň dowamlylygy hem ýokarydyr. Bu görkeziji erkeklerde 80 ýaş, aýallarda bolsa 85 ýaşdyr. Bu ugurda dünýäde 4-nji orunda durýar.
Singapuryň ilatynyň 4,7 milliony, ýagny 85 göterimi internetden peýdalanýar.