Ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary şertlerine tapgyrlaýyn geçirmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, hususy telekeçiligi giň gerimde ösdürmäge gönükdirilen işjeň makroykdysady we senagatlaşdyrmak syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Bazar gatnaşyklaryna geçmek konsepsiýasy, ozaly bilen, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, şeýle-de milli ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini has-da giňeltmek, gurluş özgertmelerini netijeli durmuşa geçirmek, adamlaryň durmuş hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak çäreleri bilen ýakyndan utgaşdyrylýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we ösüşiň senagat-innowasiýa ugruna yzygiderli geçmek arkaly durnukly we deňagramly ösdürmäge gönükdirilen döwlet ykdysady syýasatynyň esasy ýörelgeleri we gurallary kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda bäsdeşlige ukyply we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiliklerini ýola goýmagyň, işleriň we hyzmatlaryň önümçilik binýadyny yzygiderli giňeltmegiň, ilkinji nobatda, gaýtadan işleýän senagat pudaklaryny, döwrebap hyzmatlar, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn üns bermegiň we şonuň esasynda ykdysady ösüşiň çig mal serişdelerine gönükdirilmegini kem-kemden azaltmagyň zerurlygyny nygtaýar. Şunda, ýurdumyzda öndürilen önümleriň hasabyna içerki bazary harytlar bilen üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri çözmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmäge aýratyn üns bermek wajyp wezipeleriň hatarynda goýulýar. Bu işleriň netijesinde kuwwatly ykdysadyýet kemala gelip, ýurdumyzda bar bolan tebigy baýlyklarymyz çig mal görnüşinde satylman, taýýar önüm, haryt görnüşinde daşarky bazarlara has giň esasda çykarylar. Bu bolsa, ykdysady nukdaýnazardan örän uly amatlylygy döredýär, ýagny çig mal görnüşinde däl-de, taýýar önüm görnüşinde daşarky bazarlara çykarylan harytlar ýurdumyza gelýän daşary ýurt pullarynyň möçberini artdyrýar. Ikinji bir tarapdan, ýurduň içinde ilat üçin zerur bolan iş orunlarynyň sany artýar, içki bazarlarymyz öz ýurdumyzda öndürilen önümler bilen üpjün edilýär, netijede, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler döreýär.
Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmagyň we olaryň düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi giňeldilýär, eksportyň düzüminde ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän senagat kärhanalarynyň we hususyýetçileriň paýy ýokarlanýar.
Häzirki wagtda ýurdumyza daşyndan getirilýän çig mallary we materiallary ýerli önümler bilen çalyşmak, magdan däl materiallaryň önümçiliklerini giň gerimlerde ýola goýmak, gury gurluşyk galyndylarynyň, gipsiň we ondan öndürilýän dürli görnüşli önümleriň önümçiliklerini guramak, ýol gurluşygy üçin geodüşekleri, polietilen turbalary, keramiki kerpiji we emeli mermer plitalary, boýag, mebel önümlerini, dokma önümlerini, sintetik halylary, ýuwujy serişdeleri öndürmek boýunça kärhanalary döretmek babatynda işler geçirilýär. Şeýle hem gök-bakja önümleri (pomidor, hyýar, kelem, käşir, şugundyr, ýeralma, sogan), miweler (üzüm, alma, armyt, erik, şetdaly, garaly, ülje, nar, injir), gaýtadan işlenen gök-miwe önümleri, tüwi, balyk, et, süýt we olardan öndürilýän önümler, mürepbe-bal önümleri, dürli görnüşli süýji-köke önümleri bilen içerki bazary elýeterli bahalardan we ýeterlik derejede üpjün etmek babatynda işler ýola goýulýar. Munuň netijesinde ýurdumyzyň kärhanalary we telekeçileri tarapyndan daşary ýurtlara iberilýän taýýar önümleriň dürli görnüşleriniň yzygiderli ýollanmagy ýola goýulýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan we üstünlikli amala aşyrylýan “Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy” we “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasy” ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidip, eksport kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, olaryň düzümini kämilleşdirmek bilen ýurdumyzyň töleg ukyplylygyny berkitmek, daşary söwda dolanyşygynyň oňyn tapawudyny artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak we ykdysadyýetiň hususy böleginiň paýyny yzygiderli artdyrmak ugrunda möhüm ädim bolar. Maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça başy başlanan işleriň rowaçlanmagy ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da belende galdyrar, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga saldamly goşant bolar.
Annageldi Saryýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.