Şu ýylyň noýabr aýynda ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawy barha golaýlaşýar. Mälim bolşy ýaly, ABŞ-da prezident saýlawy Demokrat we Respublikan partiýalarynyň dalaşgärleriniň arasynda geçýär. Ýurduň häzirki Prezidenti Barak Obamanyň hem agzasy bolan Demokrat partiýasynyň dalaşgäri Berni Sanders saýlawa gatnaşmakdan boýun gaçyrýandygyny mälim etdi. Şeýlelikde, bu partiýanyň dalaşgäri, ýurduň öňki döwlet sekretary Hillari Klinton ýeke-täk dalaşgär bolup galdy.
—Hillari Klinton Demokrat partiýasynyň ýeke-täk dalaşgäri bolmak ugrunda geçirilen ýaryşda üstün çykdy. Men ony bu üstünligi bilen gutlaýaryn we onuň ABŞ-nyň Prezidenti bolmak üçin tagalla ederin – diýip, Berni Sanders gürrüň berdi.
Şu ýylyň 25—28-nji iýuly aralygynda ABŞ-nyň Filadelfiýa ştatynda Demokrat partiýasynyň mejlisi geçiriler. Şol mejlisde Hillari Klintonyň dalaşgärligi dolulygyna tassyklanar.