Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ryn­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da tä­ze döw­rüň baş­lan­gy­jy bol­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň fo­ru­myň çäk­le­rin­de eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­da bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my uly ýo­luň baş­lan­gy­jy­dyr. Biz şeý­le usu­lyň, Ha­zar­da stra­te­gik gat­na­şyk­la­ry we hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­gyň tä­sir­li gu­ra­ly­na öw­rül­me­gi­ne bil bag­la­ýa­rys, mu­ňa tüýs ýü­rek­den ynan­ýa­rys.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­ry­hy çy­ky­şyn­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry, umu­man, fo­ru­myň işi, on­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar dün­ýä­ met­bu­ga­ty­nyň sa­hy­pa­la­ryn­da giň ses­len­me dö­ret­di. Bu fo­ru­ma giň­den ses­le­nen iri köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň bi­ri hem Ýew­ro­pa­nyň gün­de­lik gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da ýaý­ly­ma çyk­ýan “Eu­ro­news” te­le­ýaý­ly­my­dyr.
Ýew­ro­pa­nyň bu iri te­le­ýaý­ly­my bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny te­le­to­ma­şa­çy­la­ra “Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my – se­bit­de tä­ze döw­rüň baş­lan­gy­jy” di­ýen mow­zuk ar­ka­ly taý­ýar­lan te­le­gep­le­şi­gi bi­len ýe­tir­di. Şol te­le­gep­le­şik­de Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry bi­len bi­le­lik­de hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze sa­hy­pa­sy­ny aç­ýan­dy­gy bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň gün­ba­ta­ryn­da­ky Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň 2018-nji ýyl­da Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk ýag­da­ýy­ny kes­git­le­ýän ta­ry­hy yla­la­şy­gyň gol çe­kil­me­gi­niň üs­tün­den bir ýyl ge­çen­den soň­ra gu­ral­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dost­lu­gyň deň­zi ha­sap­lan­ýan bu deň­zi hyz­mat­daş­lyk we işe­wür­lik deň­zi­ne öwür­mek üçin hem öz­bo­luş­ly meý­dan­ça öw­rü­len­di­gi bel­le­nip ge­çil­ýär.
Ýew­ro­pa­nyň te­le­ýaý­ly­my­nyň taý­ýar­lan gep­le­şi­gin­de ke­nar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň se­bit in­teg­ra­si­ýa­sy we şol san­da ulag, söw­da, ener­ge­ti­ka we eko­lo­gi­ýa ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk­da tä­ze döw­re ga­dam bas­ýan­dyk­la­ry­ mä­lim edildi.
Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň esa­sy mak­sa­dy ke­nar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­di­rip, Ha­zar deň­zi­niň hö­dür­le­ýän söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ýer­lik­li peý­da­lan­ma­gyn­dan yba­rat bo­lan­dy­gy te­le­ýaý­ly­myň gep­le­şik­le­ri­niň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­di.
Şeý­le hem gep­le­şik­de fo­ru­ma gat­na­şan da­şa­ry ýurt­laryň we­kil­le­ri bi­len ge­çi­ri­len söh­bet­deş­lik­ler hem ýer­leş­di­ri­lip­dir. Şon­da Ga­za­gys­ta­nyň Da­şa­ry söw­da bo­ýun­ça eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Nu­ra­ly Bu­keý­ha­now öz söh­bet­deş­li­gin­de Ha­zar deň­zi­niň Hy­ta­ýyň we Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­nyň Ýew­ro­pa ama­la aşyr­ýan eks­por­tun­da esa­sy orun eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­läp ge­çipdir.
Ge­çen ýy­lyň maý aýyn­da ulan­yl­ma­ga ber­len Türkmenbaşy şäherindäki Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň hem Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry we Ýew­ro­pa döw­let­le­ri bi­len yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mä­ge uly go­şant goş­ýan­dy­gy bel­le­ni­lip­dir. Mun­dan baş­ga-da Hal­ka­ra Aw­to­mo­bil ulag­la­ry bi­le­le­şi­gi­niň baş sek­re­ta­ry Um­ber­to de Pret­to­nyň Ha­zar deň­zi we onuň aja­ýyp­lyk­la­ry ba­ra­da aý­dan söz­le­ri hem köp­le­riň ün­sü­ni çe­kip­dir:
– Me­niň pi­ki­rim­çe, esa­sy müm­kin­çi­lik­le­riň bi­ri hem sy­ýa­hat­çy­lyk­dyr. Men bi­rin­ji ge­zek Ha­zar deň­zi­ne gel­dim, bu ýer örän aja­ýyp eken. Se­bit örän owa­dan, ony uzak möh­let­le­ýin esas­da has-da ma­ha­bat­lan­dyr­mak bo­lar. Eger biz port­lar we de­mir ýol­lar ar­ka­ly ta­gal­la­la­ry­my­zy bir­leş­dir­sek, on­da söw­da­ny has-da iş­jeň­leş­di­re­ris. Müm­kin­çi­lik­ler ga­ty uly.
Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­rumy ba­ra­da taý­ýar­la­nan gep­le­şik ikin­ji fo­ru­myň 2020-nji ýyl­da Ast­ra­han­da ge­çi­ril­ýän­di­gi­ ba­ra­da­ky mag­lu­mat bi­len jem­le­nip­dir.
“Eu­ro­news” te­le­ýaý­ly­my – 1993-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da dö­re­dil­di. 13 dil­de ha­bar­la­ry ýaý­ly­ma ber­ýän te­le­ýaý­ly­myň in­ter­net ul­ga­myn­da­ky ha­bar­lar saý­ty hem 14 dil­de ha­bar­la­ry oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­ýär. “Eu­ro­news” 2012-nji ýyl­da ra­dio­ýaý­ly­my­ny hem ýo­la goý­dy. Bu te­le­ýaý­ly­my 166 ýurt­da 430 mil­li­on maşgala to­ma­şa ed­ýär. Ýew­ro­pa­nyň 170 mil­lio­n ila­ty bu te­le­ýaý­ly­ma ka­bel we eme­li hem­ra ar­ka­ly to­ma­şa ed­ýär.