Şu günler, ýagny 24-26-njy awgustda Fransiýanyň baştutanlygynda “Uly 7-ligiň” (G7) 45-nji sammiti geçirilýär. Bu guramanyň düzümine girýän – Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň hem-de ABŞ-nyň ýolbaşçylary Fransiýanyň günorta-günbataryndaky Biarris şäherinde duşuşarlar. Gurama agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň her ýyl geçirilýän ýokary derejedäki duşuşygynda ykdysadyýet, daşary syýasat we ekologiýa meselelerine üns berler. Ýewropa Bileleşigine bu gezekki sammitde Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Donald Tusk wekilçilik edýär. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Žan-Klod Ýunkeriň saglyk ýagdaýy sebäpli, bu sammite gatnaşyp bilmeýändigi mälim edildi.
Sammite Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudonyň, Germaniýanyň Kansleri Angela Merkeliň, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýolbaşçylygynda 5 müňe golaý wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson üçin bu sammit hökümet başlygy wezipesindäki ilkinji ýokary derejeli duşuşygy bolar. Şeýle hem ol Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri hökmünde özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny “Uly 7-ligiň” sammitiniň öňüsyrasynda Germaniýa amala aşyrdy. Soňra ol Fransiýa gelip, bu ýerde-de ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy.
Üstümizdäki ýylda “Uly 7-ligiň” başlyklygyny alyp barýan Fransiýa sammitiň görnüşini täzeläp, onuň ýokary derejeli mejlisine Awstraliýanyň, Çiliniň, Hindistanyň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Burkina-Fasonyň, Müsüriň, Ruandanyň we Senegalyň ýolbaşçylaryny hem çagyrdy. Şeýle hem sammite birnäçe halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşar.
Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň ýolbaşçylary ykdysady meseleler bilen bir hatarda howpsuzlyk, terrorçylyga garşy göreş, ylym-bilim, saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly meseleleriň giň toplumy babatda pikir alşarlar.
8 ýyldan soňra Fransiýa täzeden bu gurama başlyklyk edýär. 2018-nji ýylyň 8-9-njy iýuny aralygynda Kanadanyň Kwebek prowinsiýasynyň Şarlewua sebitinde geçirilen sammitden soňra, gurama başlyklyk etmek Fransiýa geçdi. Mundan ozal Fransiýada ýokary derejedäki sammit 6 gezek geçirildi. Olar Rambuýe (1975 ý), Wersal (1982 ý), Pariž (1989 ý), Lion (1996 ý), Ewian (2003 ý) we Dowil (2011 ý) şäherlerinde guraldy.
“Uly 7-ligiň” ýokary derejedäki sammitine çenli gurama agza ýurtlaryň gatnaşmagynda we Fransiýanyň guramagynda 4-5-nji aprelde içeri işler ministrleriniň, 5-6-njy aprelde daşary işler ministrleriniň, 5-6-njy maýda ekologiýa ministrleriniň, 9-10-njy maýda gender deňligi boýunça ministrleriň, 16-17-nji maýda saglygy goraýyş ministrleriniň, 6-7-nji iýunda zähmet ministrleriniň, 4-5-nji iýulda ösüş we bilim ministrleriniň hem-de 17-18-nji iýulda maliýe ministrleriniň duşuşygy geçirildi.
“G7” topary – Kanadadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Beýik Britaniýadan we ABŞ-dan durýar. Bu ýurtlar nominal görkezijiler boýunça dünýäniň jemi içerki önüminiň 46 göterimini düzýär. Ýewropa Bileleşigi hem “Uly 7-ligiň” sammitine gatnaşýar.