Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin şu ýylyň 19-njy awgustynda Fran­si­ýa­da iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron rus kär­de­şi­ni Fran­si­ýa­nyň Or­ta­ýer deň­zi­niň gü­nor­ta-gün­ba­tar bö­le­gin­dä­ki Tu­lon şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky Fort Bre­gan­son köş­gün­de ka­bul et­di. Bu köşk Fran­si­ýa­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­la­ry ka­bul ed­ýän to­mus­ky ka­bul­ha­na­sy­dyr.

Fort Bre­gan­son – Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň res­mi 5 ka­bul­ha­na­sy­nyň bi­ri. Bu ýe­re Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti il­kin­ji ge­zek gel­ýär. Fran­si­ýa­nyň met­bu­ga­tyn­da bel­le­ni­lip ge­çi­li­şi ýa­ly, şu wag­ta çen­li bu ka­bul­ha­na­da 4 sa­ny uly we­zi­pe­li döw­let ýol­baş­çy­sy ka­bul edil­di. 1985-nji ýyl­da Fran­sua Mit­te­ran Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri Gel­mut Kol, 2004-nji ýyl­da Žak Şi­rak Al­ži­riň Pre­zi­den­ti Ab­de­la­ziz Bu­tef­li­ka, 2008-nji ýyl­da Ni­kol­ýa Sar­ko­zi ABŞ-nyň döw­let sek­re­ta­ry (da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri) Kon­do­li­za Raýs, ge­çen ýyl bol­sa, Em­ma­nu­el Mak­ron Beýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Te­re­za Meý bi­len du­şuş­dy. Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti bu ka­bul­ha­na­da ka­bul edi­len 5-nji ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man bol­dy.
Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň bu sa­pa­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, il­ki bi­len döw­let ýol­baş­çy­la­ry met­bu­gat we­kil­le­ri­niň so­wal­la­ry­na jo­gap ber­diler. Soň­ra iki­çäk du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­ldi.
Fort Ber­gan­son ka­bul­ha­na­syn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki rus-fran­suz gep­le­şik­le­ri­niň bar­şyn­da ýurt­la­ryň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän hal­ka­ra me­se­le­le­ri, Rus­si­ýa bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar, söw­da-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­lyk ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň bu sa­pa­ry­nyň şu hep­dä­niň ahy­ryn­da, ýag­ny 24-26-njy aw­gust­da Fran­si­ýa­nyň ka­bul et­me­gin­de Bi­ar­ri­s şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek “Uly 7-li­giň” sam­mi­ti­niň öň ýa­nyn­da bol­ma­gy hem köp­le­riň ün­sü­ni çek­di. Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Rus­si­ýa­nyň Ýew­ro­pa ýur­dudy­gy­ny we şo­nuň üçin Ýew­ro­pa gymmat­lyk­la­ry­nyň ul­ga­myn­da my­na­syp or­nu­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti bol­sa öz çy­ky­şyn­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, Rus­si­ýa bi­len Fran­si­ýa­nyň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar soň­ky ýyl­lar­da ýo­ka­ry dep­gi­ne eýe bol­ýar. Ha­ryt do­la­ny­şy­gy yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Rus kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň Fran­si­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ma­ýa go­ýu­my 3 mil­liard dol­lar­dan geç­di. Şol bir wagt­da fran­suz kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň rus yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne go­ýan ma­ýa go­ýu­my 17 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. 500-e go­laý fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy rus ba­za­ry­nda iş­jeň iş alyp bar­ýar.
Şeý­le hem döw­let ýol­baş­çy­la­ry yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar we eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Pu­tin Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek ba­bat­da öňe sü­ren Pa­riž şert­na­ma­sy­na il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da go­şu­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ugur­da köp iş­leriň ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­län Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti ho­wa­ goýberilýän ha­pa gaz­la­ryň öňü­ni al­mak­da 75 gö­te­rim­lik de­re­jä ýet­mek ug­run­da ta­gal­la edil­ýän­di­gi­ni, mu­nuň üçin um­ma­syz möç­ber­de se­riş­de­le­riň gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di.