Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si­ni res­mi­leş­dir­mek üçin gep­le­şik­le­r 1996-njy ýyl­dan bä­ri ge­çir­il­ýär­di. Bu ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky il­kin­ji ka­da­laş­dy­ry­jy res­mi­na­ma 2003-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da gol çe­kil­di. Ol hem Ha­zar deň­zi­niň gur­şa­wy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Kon­wen­si­ýadyr. Şol Kon­wen­si­ýa 2006-njy ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da güý­je gir­di. Hä­zir­ki wagt­da 12-nji aw­gust Ha­zar deň­zi­niň gü­ni hök­mün­de bel­le­nil­ýär.
2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da bol­sa Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­rin­de ge­çi­ri­len V Ha­zar sam­mi­ti­niň çäk­le­rin­de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa gol çe­kil­me­gi ta­ry­hy wa­ka bol­dy. Sam­mi­tiň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riniň Pre­zi­dent­le­ri Be­ýan­na­ma ka­bul et­di­ler. Bu res­mi­na­ma­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan öňe sür­len 2019-njy ýyl­da Türk­me­nis­tan­da bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Bu çä­re ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de hem-de Ha­zar­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk hem ber­kit­mek­de mö­hüm tap­gyr bol­dy.
2019-njy ýy­lyň aw­gust aýyn­da ge­çi­ri­len yk­dy­sa­dy fo­rum hem şol ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň bi­ri bo­ldy. Bu fo­ru­ma gat­naş­mak üçin di­ňe Ha­zar­ýa­ka döw­let­ler­den däl-de, eý­sem, beý­le­ki döw­let­ler­den hem myh­man­lar gel­di­ler. Bu bol­sa, Ha­zar deň­zi­niň lo­gis­ti­ki taý­dan oňaý­ly ýer­leş­me­gi se­bäp­li, söw­da ed­ýän döw­let­ler üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi oňa gat­naş­ýan äh­li döw­let­le­riň gep­le­şik ge­çir­me­gi üçin oňaý­ly meý­dan­ça bol­dy. Bu fo­rum­da döw­let­le­riň me­ýil­leş­dir­ýän uly tas­la­ma­la­ry we ola­ry ama­la aşyr­mak­da goň­şy döw­let­le­riň we­zi­pe­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ne myh­man­la­ryň ün­sü­ni çe­kip, me­ýil­leş­di­ril­ýän tas­la­ma­lar­da hä­zir­ki za­man eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­ny üp­jün et­me­gi ýo­la goý­ma­ga ça­gyr­dy.
Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi ýur­du­myz üçin ta­ry­hy wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Şeý­le ýo­ka­ry de­re­je­li hal­ka­ra çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň dün­ýä ýü­zün­de ab­ra­ýy­nyň has-da art­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şeý­le ne­ti­je­le­riň ga­za­nyl­ma­gy bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň mi­we­le­ri bo­lup dur­ýar, şeý­le çä­re­le­re gat­naş­ýan­lar­da bol­sa uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär.

We­pa Al­la­my­ra­dow,
“Se­na­gat” PTB-nyň Aw­to­ma­ti­za­si­ýa
mü­dir­li­gi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry.