Suw­da he­re­ket ed­ýän is­len­dik ulu­lyk­da­ky ji­sim tol­kun eme­le ge­tir­ýär. Bu ör­de­giň jüý­je­si hem bo­lup bi­ler, äpet gä­mi hem. Kel­win na­za­ry­ýe­ti­ne gö­rä, suw­da­ky ji­si­miň dö­red­ýän tol­ku­ny iň köp 39 gra­dus bo­lup bil­ýär. Bu na­za­ry­ýet ba­ra­da hä­zi­re çen­li gi­ňiş­le­ýin bar­lag ge­çi­ril­män­di. Suw­da eme­le gel­ýän tol­kun­la­ryň he­mi­şe bel­li wagt ara­ly­gyn­da ýaý­ra­ýan­dy­gy pi­kir edil­ýär­di. Tä­ze açyş bol­sa, onuň he­mi­şe beý­le bol­ma­ýan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Nor­we­gi­ýa­nyň Ylym we teh­no­lo­gi­ýa uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­me­ni Si­men Ad­noý El­ling­sen Kel­win na­za­ry­ýe­ti­ni has düýp­li öw­re­ndi. Onuň ge­çi­ren yl­my işi­niň ne­ti­je­sin­de 39 gra­dus­dan has giň çäk­de hem tol­ku­nyň dö­räp bil­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Tol­kun­la­ryň nä­de­re­je­de bol­jak­dy­gy­na su­wuň çuň­lu­gy­nyň, aky­my­nyň we ýüz­ýän ji­si­miň göwrüminiň tä­sir ed­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Yl­my işiň gä­mi­le­riň ýan­gy­jy tyg­şyt­la­mak­da tä­ze çöz­güt­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. El­ling­sen al­nan ne­ti­jä­niň Kel­wi­n na­za­ry­ýe­ti­niň nä­dog­ru­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­man­, onuň çyg­ry­ny gi­ňel­den­di­gi­ne ün­si çek­ýär.