Çap edilýän adaty kitaplar entek-entekler hem kitap bazaryndaky ornuny saklap gelýär. Soňky döwürde elektron kitaplaryň köpelip başlandygyna garamazdan, ýakyn döwürde olaryň çapdan çykýan kitaplaryň ornuny tutup bilmejekdigi aýdylýar. Golaýda Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen halkara kitap ýarmarkasynda şu ugur boýunça halkara neşirýatlaryň arasynda özara pikir alyşmalar geçirildi.
– Kitaplar örän möhüm orun eýeleýär. Germaniýada elektron kitap bazarynyň ýagdaýy örän pes derejede bolup, 5 göterime deňdir. Öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda bu ýagdaý onçakly üýtgemez. Germaniýaly okyjylar çapdan çykýan kitaplary okamaga isleg bildirýärler – diýip, Frankfurt kitap ýarmarkasynyň wekili Klaudia Dobry-Şnaýder gürrüň berýär. Fransiýanyň “Seuil Jeunesse” neşirýatynyň wekili Žuli Genar hem nemes kärdeşiniň pikirleri bilen ylalaşýar. Şeýle hem ol çagalar üçin niýetlenip çap edilýän kitaplary ene-atalaryň köpräk satyn alýandygyny mälim etdi. Fransiýaly neşirçi kitaplaryň elektron görnüşleriniň bardygyna garamazdan, fransuz okyjylarynyň hem çapdan çykýan kitaplara köp isleg bildirýändigini aýtdy.