Gün­do­gar Af­ri­ka­da ýer­leş­ýän Ke­ni­ýa dün­ýä ba­za­ry­na özü­niň il­kin­ji çig ne­bi­ti­niň eks­por­tu­ny ama­la aşyr­dy. Ýer­leş­ýän se­bi­ti­niň iň çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän ýur­dy ha­sap­lan­ýan Ke­ni­ýa bu müm­kin­çi­li­gi bi­len Ne­bit eks­por­t ed­ýän ýurt­la­ryň gu­ra­ma­sy­nyň (OPEK) do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bol­dy.

Ke­ni­ýa­nyň ne­bit go­ry 2012-nji ýyl­da açyl­dy. Ýur­duň Lo­ki­çar jül­ge­sin­de 560 mil­li­on bar­rel möç­be­rin­de ne­bit go­ru­nyň bar­dy­gy anyk­lan­dy. Ýurt­da ne­bit ön­dür­mek işi­ne 2018-nji ýy­lyň iýu­nyn­da gi­ri­şil­di. Ke­ni­ýa Gün­do­gar Af­ri­ka­da Ugan­da­dan soň­ra ne­bit ön­dür­ýän ikin­ji ýurt bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­da bir gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da 80 müň bar­rel çig ne­bit ön­dü­ril­ýär. Ke­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti ne­bit önüm­çi­li­gi­ni 200 müň bar­re­le ýe­ti­rip, tä­ze ne­bit ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
Ke­ni­ýa­nyň ne­bi­ti­niň eks­por­tu­nyň il­kin­ji tap­gy­ry Hy­ta­ýyň “Tul­low Oil” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra söw­da sa­tu­wy esa­syn­da sa­tyn alyn­dy. Umu­my ba­ha­sy 12,6 mil­li­on dol­lar bo­lan 200 müň bar­rel möç­be­rin­dä­ki ne­bit Ma­laý­zi­ýa­da gaý­ta­dan iş­le­ni­ler.
Ýur­duň Mom­ba­sa por­tun­da sa­tyn al­nan ne­bi­tiň eks­por­ta ug­ra­dyl­ma­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra ge­çi­ril­di. Oňa ýur­duň Pre­zi­den­ti Uhu­ru Ken­ýat­ta gat­na­şyp, gä­mi­de ýur­duň mil­li baý­da­gy­ny gal­dyr­dy. “Tul­low Oil” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş mü­di­ri Pol Mak­Deý­da 18-24 aýyň do­wa­myn­da köp bol­ma­dyk möç­berde da­şa­ry ýurt­ly aly­jy­la­ra ne­bi­tiň sa­tyl­ma­gy­nyň do­wam et­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Aly­jy­la­ryň ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, 2023-nji ýyl­dan baş­lap, söw­da mak­sat­ly önüm­çi­li­ge gi­ri­şil­jek­di­gi aý­dyl­dy.