Rus­si­ýa­nyň paý­tag­ty Mosk­wa­nyň ete­gin­dä­ki Žu­kows­kiý et­ra­byn­da “MAKS-2019” at­ly hal­ka­ra awia­kos­mos ser­gi­si ge­çi­ril­di. Onuň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin bi­len Tür­ki­ýä­niň Pre­zi­den­ti Re­jep
Ta­ýyp Är­do­gan gat­naş­dy.
Bu ge­zek­ki fo­ru­ma 800-den gow­rak kom­pa­ni­ýa gat­naş­dy. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Ger­ma­ni­ýa, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, Fran­si­ýa we ABŞ ýa­ly 29 ýurt­dan 180 da­şa­ry ýurt­ly kom­pa­ni­ýa hem bar. 630 tö­we­re­gi rus kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len ser­gi il­kin­ji ge­zek Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň hyz­mat­daş­ly­gyn­da gu­ral­dy. Awia­kos­mos ser­gi­sin­de dün­ýä­niň en­çe­me ýur­du­nyň ra­ýat hem-de har­by­laş­dy­ry­lan awia­si­ýa ul­gam­la­ryn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri gör­ke­zil­ýär. Bu ýer­de dür­li gör­nüş­li uçar­lar, di­ku­çar­lar we beý­le­ki awia en­jam­lar halk köp­çü­li­gi­ne hö­dür­len­di.
Ser­gi­niň çäk­le­rin­de Rus­si­ýa­nyň önüm­çi­li­gi bo­lan or­ta de­re­je­li ýo­lag­çy uça­ry “MC-21” il­kin­ji ge­zek sy­nag uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy. Mun­dan baş­ga-da, bu ýe­re ge­len myh­man­lar Rus­si­ýa­nyň hem-de Hy­ta­ýyň bi­le­lik­de iş­läp taý­ýar­lan “CR929” awia­laý­ne­ri hem gör­ke­zil­di.
Hal­ka­ra awia­kos­mos ser­gi­si­ne Ger­ma­ni­ýa­dan 23 kom­pa­ni­ýa hem-de Ae­ro­kos­mos bar­lag­la­ry mer­ke­zi (DLR) gat­naş­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň di­war­lyk­la­ryn­da kos­mos gi­ňiş­li­gi­ni öw­ren­mek üçin ni­ýet­le­nen dür­li teh­no­lo­gik en­jam­lar gör­ke­zil­di.
“MAKS-2019” ser­gi­si­niň çäk­le­rin­de 80-den gow­rak çä­re ge­çi­ril­di. Ol 14-nji ge­zek ge­çi­ril­ýär. Iki ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýän bu ser­gi­niň il­kin­ji­si 1993-nji ýyl­da gu­ra­lyp­dy. Oňa gat­naş­ýan ýurt­la­ryň we kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­ny yzy­gi­der­li kö­pel­ýär.