Yssy howaly ýurtlaryň biri bolan Katarda synag maksady bilen reňkli asfalt ýollar gurulýar. Reňkli ýol örtüginiň howanyň gyzmagynyň öňüni aljakdygy bellenilýär. Bu barada “Ashghal” jemgyýetçilik işleri baradaky baş edarasynyň ýolbaşçysy Saud al-Muhannadi habar berdi. Ýurduň ýolbaşçylary howanyň gyzgynlygyny azda-kände peseltjek reňkli örtügiň ýollara düşelmeginiň dowam etdiriljekdigini mälim edýärler. Edara mundan ozal ýapon şereketi bilen bilelikde paýtagt Dohanyň merkezi köçelerini gök reňk bilen reňkläpdir. Şeýle hem bu reňkiň has owadan bolýandygy aýdylýar.
Al-Muhannadi ýylyň dowamynda gök reňkli ýollaryň nähili netije berýändigini anyklajakdyklaryny we soňra beýleki reňkleri hem synagdan geçirip görjekdiklerini aýdýar. Edaranyň ýolbaşçysy häzirki wagtda esasy maksatlarynyň 2022-nji ýylda ýurtda geçiriljek futbol boýunça Dünýä Kubogyna myhmanlaryň geljekdigini nazarda tutup, şäheri has hem gözelleşdirmekden ybaratdygyny aýdýar.
Asfalt örän berk ýol örtügi bolup, köp ýyldan bäri peýdalanylýar. Soňky ýyllarda dürli nagyşly we reňkli asfaltlar ylgaw we welosiped ýodalarynda, çagalar seýilgählerinde, oýun meýdançalarynda hem giňden peýdalanylýar. Asfalty reňklemekde ulanylýan serişdeler ony has hem berkidýär. Şeýlelikde, ýollar howanyň we ygalyň täsirinden goralar.