Ang­li­ýa­nyň BP ne­bit-gaz kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-nyň Al­ýas­ka şta­tyn­da­ky ne­bit kä­nin­dä­ki paý­na­ma­la­ry­ny 5,6 mil­liard dol­la­ra “Hilcorp Ener­gy Com­pa­ny” kom­pa­ni­ýa­sy­na sat­mak üçin yla­la­şan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di. Al­ýas­ka­da 1959-njy ýyl­da işe gi­ri­şen BP 1968-nji ýyl­da il­kin­ji ne­bi­ti­ni alyp baş­la­ýar. Iň­lis kom­pa­ni­ýa­sy­nyň şta­tyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Prad­ho-Beý­de 26 gö­te­rim pa­ýy bar. Bu ba­ra­da met­bu­ga­ta ber­len be­ýa­nat­da 1977-nji ýyl­dan bä­ri 13 mil­liard bar­rel ne­bit ön­dü­ri­len­di­gi ha­bar be­ril­di. Be­ýa­nat­da kom­pa­ni­ýa­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­sy Bob Dad­li ýa­rym asyr­dan gow­rak wagt bä­ri Al­ýas­ka­da iş alyp bar­ýan­dyk­la­ry­ny aý­dyp, BP-niň uzak möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de ABŞ-da­ky we dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­rin­dä­ki tas­la­ma­la­ra üns ber­jek­dik­le­ri­ni aýt­dy.
Kom­pa­ni­ýa­nyň Prad­ho-Beý­dä­ki 26 gö­te­rim paý­na­ma­syn­dan baş­ga-da, 1970-nji ýyl­lar­da gur­lu­şy­gy­na go­şant go­şan 1200 ki­lo­metr­lik Trans-Al­ýas­ka ne­bit ge­çi­ri­ji­sin­de hem 49 gö­te­rim­lik pa­ýy bar. Bu­lar­dan baş­ga-da, iň­lis ägir­di­niň ştat­da bir­nä­çe ne­bit hem-de te­bi­gy gaz ýa­tak­la­ryn­da we ge­çi­ri­ji­le­rin­de pa­ýy bar. Kom­pa­ni­ýa Al­ýas­ka şta­tyn­da gün­de or­ta­ça 74 müň bar­rel ne­bit çy­kar­ýar. ABŞ-nyň çä­gin­de bol­sa je­mi 921 müň bar­rel ne­bit ön­dür­ýär. Kom­pa­ni­ýa soň­ky 3 ýyl­da ABŞ-da je­mi 20 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum go­ýup­dyr. “Hilcorp Ener­gy Com­pa­ny” bol­sa Al­ýas­ka­da iş alyp bar­ýan iň iri hu­su­sy ne­bit-gaz kom­pa­ni­ýa­sy bo­lup, bu ştat­da gün­de or­ta­ça 75 müň bar­rel ne­bit ön­dür­ýär.