Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ösü­şi dur­mu­şyň äh­li ug­ru­na öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Sin­ga­pur­da sü­rü­ji­siz ulag­lar sy­nag­dan ge­çi­ri­lip baş­lan­dy. Ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry 2022-nji ýy­la çen­li üç se­bit­de sü­rü­ji­siz aw­to­bus­la­ryň gat­na­wy­ny ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Go­laý­da ýur­duň Sen­to­sa ada­sy­nyň ke­nar­ýa­ka se­bi­tin­de 4 sa­ny sü­rü­ji­siz aw­to­bus sy­nag mak­sat­ly ula­ny­lyp baş­lan­dy. Tö­leg­siz hyz­mat ed­ýän bu ulag­lar 5,7 ki­lo­metr ara­lyk­da gat­na­ýar. Bu ula­ga mün­mek is­le­ýän ýo­lag­çy­lar onuň ni­re­de­di­gi­ni, nä­çe wagt­dan du­ral­ga gel­jek­di­gi­ni ýö­ri­te te­le­fon app­li­ka­si­ýa­sy ýa-da kiosk­lar ar­ka­ly anyk­lap bil­ýär­ler. “ST En­gi­nee­ring” şe­re­ke­ti­niň iş­läp taý­ýar­lan ulag­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge ýur­duň Ulag mi­nistr­li­gi we San­to­sa­nyň Ösüş kor­po­ra­si­ýa­sy gol­daw ber­ýär. Şu aýyň 26-sy­na baş­lan sü­rü­ji­siz aw­to­bus gat­na­wy 15-nji no­ýab­ra çen­li do­wam eder. Öz­le­ri üçin ni­ýet­le­nen aý­ra­tyn ýol­da he­re­ket ed­ýän ulag­la­ra ýer­li halk bi­len bir ha­tar­da da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar hem uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler. Ulag­lar do­lu­ly­gy­na öz­baş­dak he­re­ket et­mä­ge ukyp­ly hem bol­sa, ýü­ze çy­kyp bil­jek haý­sy­dyr bir ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­da­ýyň öňü­ni al­mak üçin ýö­ri­te sü­rü­ji­si bar. Şeý­le hem ulag is­len­dik ýal­ňyş­lyk ýü­ze çy­ka­n­da mu­ny sü­rü­jä duý­dur­ýar. Aw­to­bus daş-tö­we­re­gin­dä­ki beý­le­ki ulag­la­ry, py­ýa­da­la­ry, päs­gel­çi­lik­le­ri, ahyr­ky du­ral­ga­sy­na bar­mak üçin has aň­sat ýo­ly “anyk­la­ýan” teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­lip­dir. Sin­ga­pu­ryň Ga­ra­ýol­la­ry gat­na­wy ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Loh Ngai Seng öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän aw­tou­lag teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň Sin­ga­pu­ryň jem­gy­ýet­çi­lik ulag gat­na­wy­ny üýt­get­mä­ge ukyp­ly­dy­gy­ny we gel­je­gi­niň ulu­dy­gy­ny bel­le­ýär. Loh Ngai Seng bu sy­na­gyň aw­to­nom ulag teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny şä­her­ler­de we şä­her­ýa­ka oba­lar­da ula­ny­lan­da, sü­rü­ji­siz ulag­la­ryň beý­le­ki ulag­lar we py­ýa­da­lar bi­len nä­hi­li “gat­na­şyk sak­la­jak­dy­gy­ny” öw­ren­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Sy­nag döw­rün­de top­la­nan mag­lu­mat­lar dün­ýä­dä­ki aw­tou­lag we teh­no­lo­gi­ýa fir­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan peý­da­la­ny­lar.
Sin­ga­pur Gün­do­gar Azi­ýa­da ýer­leş­ýän ada­lar ýur­dy bo­lup, dün­ýä­niň iň iri teh­no­lo­gi­ýa we aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­la­ry­na tä­ze sy­nag­la­ry­ny ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şol se­bäp­li bu ýurt­da şeý­le sy­nag­la­ryň baş­ga-da bir­nä­çe­si yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.