10. Nýu-Ýork (ABŞ).
Ila­ty: 18604000.
Nýu-Ýork Bir­le­şen Ştat­la­ryň we tu­tuş dün­ýä­niň esa­sy yk­dy­sa­dy mer­ke­zi­dir. Bu ýer­de dün­ýä­niň iri ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry “Citig­ro­up”, “J.P. Mor­gan Cha­se & Co.”, “Ame­rican In­ter­na­tio­nal Group”, “Gold­man Sachs Group”, “Mor­gan Stan­ley”, “Mer­rill Lynch” we beý­le­ki­le­riň ştab-kwar­ti­ra­la­ry ýer­leş­ýär. Şeý­le hem “Veri­zon Com­mu­nications”, “Pfi­zer”, “Alcoa”, “News Corp.”, “Col­ga­te-Pal­mo­live” we beý­le­ki iri kom­pa­ni­ýa­lar tu­tuş dün­ýä­dä­ki söw­da­sy­ny şu şä­her­den ama­la aşyr­ýar­lar.
9. Ka­ir (Mü­sür).
Ila­ty: 19128000.
Kair Mü­sür Arap Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty, yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy mer­ke­zi­dir. Ýur­duň se­na­ga­t kär­ha­na­la­ry­nyň üç­den bi­ri bu şä­her­de ýer­leş­ýär. Ola­ryň ara­syn­da me­ta­ly gaý­ta­dan iş­le­ýän, se­ment, po­lig­ra­fi­ýa, me­bel, aýak­gap we dok­ma önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry bar. Şä­her­de “akyl­ly oba” diý­lip at­lan­dy­ry­lan hä­zir­ki za­man yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi dö­re­dil­di. Ol komp­ýu­ter we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň bir ýe­re jem­le­nen ýe­ri­dir.
8. Osa­ka (Ýa­po­ni­ýa).
Ila­ty: 20337000.
Bu şä­her Ýa­po­ni­ýa­nyň ikin­ji köp ilat­ly şä­he­ri­dir. Ol Hans­ýu ada­sy­nyň gü­nor­ta bö­le­gin­de ýer­le­şip, ýur­duň ta­ry­hy söw­da paý­tag­ty­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ýur­duň iň iri we esa­sy se­na­gat mer­ke­zi we iri port şä­he­ri­dir.
7. Me­hi­ko (Mek­si­ka).
Ila­ty: 21157000.
Şä­he­riň ila­ty­nyň kö­pel­me­gi Me­hi­ko jül­ge­si­niň etek­le­rin­dä­ki se­na­gat des­ga­la­ry­nyň hem-de yk­dy­sa­dy iş­jeň­li­giň art­ma­gy bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň üçin ýur­duň ila­tynyň köp bö­le­gi paý­tagt we onuň etek­le­rin­de jem­le­nen­dir.
6. Pe­kin (Hy­taý).
Ila­ty: 21240000.
Pekin ýur­duň iri po­lat, aw­to­mo­bil we ho­wa ýol­la­ry­nyň esa­sy çat­ry­gy­ny eme­le ge­tir­ip, Hy­ta­ýyň sy­ýa­sy, bi­lim we me­de­ni mer­ke­zi­dir. Mun­dan baş­ga-da, in­no­wa­si­on kär­ha­na­la­ryň dö­re­dil­me­gi ba­bat­da te­le­ke­çi­lik iş­le­ri­niň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­nyň bi­ri­dir. Soň­ky dö­wür­de bu şä­her­de şeý­le kär­ha­na­la­ryň sa­ny yzy­gi­der­li kö­pel­ýär.
5. San-Pau­lu (Bra­zi­li­ýa).
Ila­ty: 21297000.
San-Pau­lu – döw­re­bap şä­her­le­riň bi­ri­dir. Onuň esa­sy bö­le­gi aý­na­dan we me­tal gur­na­ma­lar­dan gur­lan köp gat­ly bi­na­lar­dan we gök­di­rän­ler­den dur­ýar. Ýur­duň ikin­ji uly köp gat­ly bi­na­sy Mi­ran­ti-du-Wa­li bu şä­her­de ýer­leş­ýär. Şä­her Bra­zi­li­ýa, Ar­gen­ti­na, Urug­waý we Pa­rag­waý ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len we “Mer­ko­sur” diý­lip at­lan­dy­ry­lan umu­my şert­na­ma­sy­nyň iri ma­li­ýe mer­ke­zi­dir. Şä­her­de köp san­ly mö­hüm yk­dy­sa­dy fo­rum­lar we mas­la­hat­lar ge­çi­ril­ýär.
4. Mum­baý (Hin­dis­tan).
Ila­ty: 21357000.
Mum­baý iri hal­ka­ra ulag ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýär. Bu ýer­de Hin­dis­ta­nyň gün­ba­tar bö­le­gi­niň iri por­ty ýer­leş­ýär. Ýo­lag­çy ter­mi­na­ly ar­ka­ly Hin­dis­ta­nyň ýo­lag­çy gat­na­wy­nyň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy bu şä­her­den geç­ýär. Esa­sy yk­dy­sa­dy we me­de­ni mer­kez­le­riň bi­ri­dir.
3. Şan­haý (Hy­taý).
Ila­ty: 24484000.
Şanhaý Hy­ta­ýyň ma­li­ýe we söw­da mer­ke­zi­dir. Ýur­duň beý­le­ki se­bit­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Şan­haý­da hem köp san­ly gur­lu­şyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Şä­he­riň hä­zir­ki za­man bi­na­gär­lik keş­bi öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Me­se­lem, köp gat­ly bi­na­la­ryň ýo­kar­ky gat­la­ry res­to­ran­lar­dan yba­rat­dyr.
2. De­li (Hin­dis­tan).
Ila­ty: 26454000.
Deli köp mil­let­li we dür­li me­de­ni­ýet­le­re de­giş­li halk­la­ryň bir ýe­re jem­le­nen şä­he­ri. Hin­dis­ta­nyň dür­li halk­la­ry şä­he­riň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de mö­hüm orun­la­ry eýe­le­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy ugur­la­ry: mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy, te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa, ma­li­ýe, sy­ýa­hat­çy­lyk, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri.
Se­na­gat önüm­çi­li­gi hem çalt dep­gin­ler­de ös­ýär. Bu kär­ha­na­lar­da il­kin­ji no­bat­da hal­kyň köp sarp ed­ýän ha­ryt­la­ry ön­dü­ril­ýär.
1. To­kio (Ýa­po­ni­ýa).
Ila­ty: 38140000.
Tokio ýur­duň paý­tag­ty, ma­li­ýe, se­na­gat we sy­ýa­sy mer­ke­zi­ bolup, Nýu-Ýork we Lon­don ýa­ly, dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy ma­li­ýe mer­kez­le­ri­niň bi­ri­dir. To­kio dün­ýä­niň iň ösen yk­dy­sa­dy me­ga­po­lis­le­ri­niň bi­ri­dir. Dün­ýä­niň uly ma­ýa go­ýum bank­la­ry­nyň, äti­ýaç­lan­dy­ryş gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zi bi­na­synyň ýer­leş­ýän bu şä­he­ri ulag, ne­şir­ýat we met­bu­gat pu­dak­la­ry­nda hem öň­de­ba­ry­jydyr.

Söýinmyrat REJEPGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.