Ukrainanyň Ýokary Geňeşi (Parlament) Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Alekseý Gonçaruky ýurduň Premýer ministri wezipesine belledi. Degişli karara Ýokary Geňeşiň dokuzynjy çagyryşynyň birinji mejlisinde 290 wekil ses berdi.
Alekseý Gonçarukyň ýurduň Premýer-ministri wezipesine dalaşgärligini Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý teklip etdi. Premýer-ministr Wladimir Groýsmanyň ýolbaşçylygyndaky ozalky Ministrler Kabineti täze saýlanan Parlamentiň öňünde wekilçiligini öz üstünden aýyrdy. Muny Ýokary Geňeşiň täze çagyryşynyň işe başlamagy bilen ýurduň Konstitusiýasy talap edýär.
Alekseý Gonçaruk bilimi boýunça hukukçy, aklawçy, döwlet müdirliginiň magistri, filosofiýa ylymlarynyň doktorydyr. Ol 2014-nji ýylda geçirilen nobatdan daşary parlament saýlawlarynda “Adamlaryň güýji” partiýasy tarapyndan Ýokary Geňeşe dalaşgärlik etdi.
Ol 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Prezidentiň administrasiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna bellendi, 25-nji iýundan bolsa, Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysynyň orunbasary boldy.
Şeýle hem, Ukrainanyň Ýokary Geňeşiniň täze düzüminiň birinji maslahatynda Dmitriý Razumkow Parlamentiň başlygy wezipesine saýlandy. 35 ýaşly Razumkow dolandyryjy partiýa bolan “Halkyň hyzmatkäri” partiýasynyň wekilleri tarapyndan saýlandy. Ol Prezident Wladimir Zelenskiniň saýlawyň öň ýanyndaky kompaniýalaryna ýolbaşçylyk edipdi. Hünäri boýunça ykdysadyýetçi bolan Dmitriý Razumkow Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetini gutardy.